Türkmenistan Belarus Respublikasy bilen sport boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirer

Türkmenistan Belarus Respublikasy bilen sport boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirer

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy Gulmyrat Agamyradow duşenbe güni Aşgabat şäherinde Belarus Respublikasynyň ýurtdaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyny kabul etdi. Bu barada Belarus ilçihanasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda iki döwletiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň öňde durýan meseleleri, şol sanda türkmen türgenleriniň şu ýylyň 4 ― 14-nji awgusty aralygynda Belarus Respublikasynda geçiriljek GDA agza döwletleriň II Oýunlaryna gatnaşmagy bilen bagly mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belarus bu Oýunlary ýokary derejede kabul etmek üçin häzirden doly taýýar. Ýurduň ähli sebitlerini gurşap aljak ýaryşlar Minsk, Borisow, Brest, Witebsk, Gomel, Grodno, Žlobin, Mogilýew, Molodeçno, Orşa we Soligorsk şäherlerinde geçiriler.

Açylyş-ýapylyş dabarasy üçin Minsk-Arena sport toplumy taýýarlanylýar.

Sportuň basketbol, gandbol, kenarýaka woleýboly, kenarýaka futboly, kiçi futbol we otuň üstünde oýnalýan hokkeý görnüşleri boýunça geçiriljek Oýunlara Türkmenistandan uly wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.

GDA agza döwletleriň ilkinji Oýunlary 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilipdi.

Ýene degişli makalalar

Arkadalyşygyň oýunlarynyň sport maksatnamasy tassyklanyldy
Belarusda bir aýaly öldürmekde güman edilýän türkmenistanly tussag edildi
2023-nji ýylda Türkmenistanyň 300-den gowrak raýaty Belarusyň ÝOM-laryna okuwa kabul edildi
6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Wepa Jumaýew Witebskdäki ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi
Olga Mizgirýowa: döredijilik we ykbal syrlary