Türkmenistan behişdi bedewleriň ýurdy

Her bir halkyň ýüzi, onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwünhoşy, ýowly günde baş ýoldaşy, halk zehininiň mähekdaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke bedewlerimizdir.

Gahryman Arkadagymyzyň Atda wepa-da bar, sapa-da atly kitabynda nesil terbiýesinde ganatly bedewlerimiziň hem ýakyn arabaglanyşygynyň bardygyny belläp geçýär. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, köpeldip we arassa ganlylygyny saklap, nesillerimize galdyrypdyr. Şonuň üçinem Türkmenistan behişdi bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdur.

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreler hem-de behişdi bedewleriň halkara gözellik bäsleşigi giň gerimde geçirilýär. Şu günler türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, dürli çäreler geçirilýär.

Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek ýaly işler alnyp barylýar.

Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp-başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr. Türkmen bedewleriniň dünýä meşhur ajaýyplyklarynyň birine öwrülmeginde türkmen seýisleriniň orny örän uludyr. Mal eýesiniň gözünden suw içer diýlişi ýaly, merdi-merdanalygy, gaýduwsyzlygy, üşükliligi bilen eýesine meňzeýän bedewleri ýetişdirmek üçin seýisler ýadawsyz zähmeti, irginsiz aladalary, ýiti zehini siňdiripdirler.

Türkmen halky gamyşgulak bedewler hakynda köp sanly nakyllar döreden halkdyr.At agynan ýerde toý bolar, At almankaň eýer al, At gylygyna eýesi ýetik, Atda gaýrat bolsa, özge syn bolmaz, Aty baryň ganaty bar, Ogly eklän tanar, aty saklan, At myrat, Bedew jul içinde, göwher kül içinde, Ýüwrük at öňüni gözlär, ýagşy ýigit soňuny diýen ýaly köp sanly nakyllary mysal getirmek bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň bedewlerimize bolan buýsanjy, ajaýyp çapyksuwarlygy, at üstündäki tilsimlere ussatlyk bilen erk edişi her bir adamyň kalbynyň töründen orun aldy.Gahryman Arkadagymyz bedew atlarymyz barada şeýle belleýär: Uly baýramlaryň, tomaşaly toýlaryň, mähelleli aýlawlaryň bezegi bolan, ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan, üsti şemally bedewlerimiz türkmeniň köňül ganatydyr, milli buýsanjymyzdyr.

Buýsançly başlaryny belent tutup, ynsanyň wepadar dosty, aýrylmaz ýoldaşy hem-de ýakyn syrdaşy bolan meşhur bedewlerimiziň gelip çykyşy biziň eýýamymyzdan ozalky müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik ösüşleri nazarlaýan döwrümizde ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belent derejelere göterildi.Ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Arslan MUHAMMETDURDYÝEW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Ahalteke atçylygy: dünýä derejesindäki şan-şöhratyň täze belentliklerine tarap
Ganatly bedewleriň halkara bäsleşiginiň hem-de döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar