Türkmenistan Balkanda bolan sil joşguny barada dymýan mahaly, Eýrana duýgudaşlyk bildirdi

Türkmenistan Balkanda bolan sil joşguny barada dymýan mahaly, Eýrana duýgudaşlyk bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi.Bu waka Türkmenistanyň hökümetiniň we media serişdeleriniň Balkan welaýatynda bolan tebigy betbagtçylyk barada kelam agyz söz aýtmaýan mahalyna gabat geldi.

Ministrligiň 26-njy martda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan habarynda şeýle diýilýär: “Şu gün, 2019-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine diplomatik notasyny ugratdy, onda Türkmenistanyň Hökümeti Eýran Yslam Respublikasynyň güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi”. Şeýle-de, habarda “iki goňşy döwletleriň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanmak bilen türkmen tarapynyň Eýranyň halkyna özüniň doganlyk goldawyny beýan edendigi” hem bellenilýär.

Mundan alty gün ozal Eýranyň türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan Gülistan, Mazandaran ýaly demirgazyk welaýatlaryny sil suwy basdy. 25-nji martda Gülistan welaýatynyň Akgala şäheriniň häkimi Amangeldi Zamiriň ISNA habar agentligine beren maglumatyna görä, Akgala şäherindäki we onuň 37 obasyndaky ýagdaýlar ýaramaz bolmagynda galýar.

Akgalanyň etrapçalarynda sil suwunyň beýikligi bir we bir ýarym metr aralygynda saklanyp galýar.Belläp geçsek, goňşy Eýranda türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan welaýatlaryna siliň gelmegi, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň administratiw merkezini we 10-a golaý obasyny sil suwunyň basan mahalyna gabat geldi.

Mart aýynyň 18-den 19-na geçen gije güýçli ýagan ýagşyň netijesinde Balkan welaýatynyň Bereket etrabyna sil geldi.Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, etrapda sil suwunyň netijelerini arassalamak işleri belli bir derejede alnyp barylsa-da, tebigy betbagtçylykdan zyýan çeken ýaşaýjylara heniz hem kömek berilmeýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýranda bolup geçen suw joşgunlaryna duýgudaşlyk bildirip, Eýran Yslam Respublikasyna diplomatik notasyny ugradan mahaly, Türkmenistanyň Balkan welaýatynda bolan tebigy betbagtçylyk barada kelam agyz söz aýtmaýar.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow diňe “sil gelmegi bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini öz wagtynda guramak boýunça zerur işleri geçirmändigi üçin” diýip, ýurduň goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe duýduryş we onuň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Döwran Durdyýewe käýinç yglan etmek bilen çäklendi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Eýranda türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan welaýatlaryna sil geldi
Tebigy heläkçilik: Türkmensähradaky we Balkandaky güýçli sil hem-de suw joşmalary
Türkmen DIM-niň resmisi ýerli ilatyň sil suwundan ejir çekendigini inkär edýär
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi
21.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç