Türkmenistanyň wekiliýeti 11-nji noýabrda Baku şäherinde açylan we 22-nji noýabra çenli dowam etjek Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatyna (СOP-29) gatnaşýanlaryň hataryna goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibindäki möhüm meseleleri maslahatlaşmak üçin 70 müňe golaý daşary ýurtly myhmanyň, şol sanda dünýäniň 200-e golaý ýurdundan wekilleriň Azerbaýjanyň paýtagtyna gelmegine garaşylýar.
Sammitiň maksatnamasy Baku şäheriniň Olimpiýa stadionynda geçirilen giň gerimli çäre bilen açylýar. Ondan soň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça dünýä döwletleriniň baştutanlarynyň iki günlük Sammiti geçiriler. Onda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde öz garaýayşlary bilen 80-e golaý ýurduň döwlet we hökümet baştutanlarynyň çykyş etmegine garaşylýar.
Guramaçylar maslahaty iki esasy zolaga böldüler. “Gök zolak” diýlip atlandyrylýan zolakda resmi gepleşikler geçirilip, möhüm çözgütler kabul ediler, “Ýaşyl zolak” bolsa sergileriň, okuw maslahatlaryň we medeni çäreleriň geçirilýän ýeri bolar. Maslahatda sebit meselelerine, şol sanda suw serişdeleriniň ýetmezçiligine, gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösdürilmegine aýratyn üns berler.
1995-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýän gatnaşyjy taraplaryň maslahaty howanyň üýtgemegine garşy göreşde ählumumy ösüşi gözden geçirmäge gönükdirilendir. Ozalky maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşylan esasy resminamalaryň hatarynda 2015-nji ýylda 195 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň goldamagynda kabul edilen Pariž ylalaşygyna aýratyn orun degişlidir.