
Türkmenistanly ýetginjek tennisçiler 14 ýaş we ondan kiçi türgenleriň arasyndaky Günbatar we Merkezi Aziýa sebitiniň halkara ýaryşynyň ikinji tapgyryna başladylar. Bahreýn Patyşalygynyň Isa-Taun şäherinde geçirilýän halkara ýaryşyň ikinji tapgyryna 14-nji ýanwarda badalga berildi.
Bu ýaryşda altynjy korta çykan türkmen tennisçisi Selim Çagylow nobatdaky garşydaşyny — Fares Al-Wazeri ynamly ýeňmegi başardy — 6:0; 6:0.
Ilima Guseýnowa bilen Natalýa Marlynowa jübüti bolsa bahreýnli Haneen Alnajjar hem-de Salma Faragallah jübütini (6:1; 6:1) ýeňlişe sezewar etdi.
Imran Ahundow bilen Selim Çagylow bilelikde Saud Arabystanyndan gelen ýetginjeklerden — Ali Al Ahmedden hem-de Haider Alfraidden (6:4; 6:2) üstün çykdylar.
Imran Ahundow üç set dowam eden oýunda Hristof Abu Haçemi ýeňdi — 3:6; 6:3; 6:1.