Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdy

Türkmenistan  bagtly çagalaryň ýurdy

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdy ady bilen Arkaç söwda-dynç alyş merkezinde baýramçylyk dabarasyny geçirdi.

Dabara dürli ýaşdaky çagajyklar gatnaşdy. Bagtyýar çagajyklar ajaýyp çagalygy, erkana Watanymyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Türkmen Döwlet Gurjak teatrynyň artistleriniň görkezen gurjak oýunlary çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Aşyr däde bilen çagalaryň arasyndaky gyzykly gürrüňdeşlik, täsirli pursatlar ýürekleri buýsançdan doly çagajyklarda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan göçme sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Baş täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy
Ýapon gurjaklarynyň sergisi
Gyş ertekisi
Arzuwyny wysal eden: el hünäriniň gudraty
Körpeleriň Aşyr dädesi
Körpeleriň Aşyr dädesi