Türkmenistan bagtly çagalaryň ülkesi

Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni dünýäniň köp ýurdunda giňden bellenilip geçilýär.Bu halkara baýramçylygy ilkinji gezek 1925-nji ýylda çagalaryň abadançylygyna bagyşlanan Bütindünýä konferensiýasynda kabul edilýär. Çagalar güni ilkinji gezek 1950-nji ýylda dünýäniň 51 ýurdunda bellenilýär. Çagalaryň meselelerine köpçüligiň ünsüni çekmek, bu halkara gününiň esasy maksady bolup durýar. 1-nji iýun bütin dünýäde ähli çagalara goýulýan hormatyň nyşany hökmünde bellenilýär. Çagalaryň hukuklary we azatlyklary bolsa, 1959-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Çaga Hukuklary Jarnamasynda öz beýanyny tapýar.

Bu Jarnamada gelip çykyşyna, milletine, emläk ýagdaýyna, reňkine garamazdan, ähli babatda çagalaryň deň hukuklary yglan edilýär.Bu sene çagalaryň abadançylygyny üpjün etmäge, olaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýädäki çagalaryň bähbidi üçin alnyp barylýan işleri güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Baş Assambleýa bu baýramçylygy her döwletiň özüne laýyk hasaplaýan görnüşinde we öz kabul eden gününe görä bellemegini teklip etdi. Çagalary goramagyň halkara güni biziň ýurdumyzda hem giň gerimde bellenilýär.

Biziň ýurdumyzda çagalar üçin uly mümkinçilikler döredilýär, ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar.

Çagajyklaryň arasynda dürli oýunlara güýmenip wagtymyzyň nädip geçenini hem duýman galýan wagtlarymyz bolýar.Gaýgy-aladaň bolsa-da çagalaryň ýanyna baranyňda olar seni öz dünýäsine alýarlar we ähli aladalaryňy bir pursatlyk bolsa-da unutdyrýarlar. Çagalar biziň durmuşymyzyň iň esasy baýlygydyr. Çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek bolsa biziň iň esasy maksadymyz bolup durýar.

Olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň her birimiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde giň möçberli dabaralar we medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär.Bu baýramyň bellenilmeginiň esasy sebäbi, çagalaryň hukuklaryny, ilkinji nobatda olaryň ýaşaýyş, bilim, dynç alyş hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek bolup durýar.

Ýurdumyzda çagalaryň täze bilimleri ele almaklary, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, ukyp-başarnyklaryny açmaklary, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, zähmete uýgunlaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi.Tomus möwsüminiň başlanmagy bilen mekdep okuwçylary Watanymyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda ajaýyp Gökderede, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşýän Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede dynç alyp bilerler, güýç-kuwwat toplarlar.

Bu işleriň ählisi her bir çaganyň alada bilen gurşalyp alynmagyny öz içine alýan we Watanymyzyň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşjak hemmetaraplaýyn bilimli, ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli ýaş nesilleriň kemala gelmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar.Bagtyýar çagalar barada atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Goý, eziz ýurdumyzda çagalaryň gülki sesleri belent ýaňlansyn!

Hurmagül Annagurbanowa,

Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň başlygy, tälimçi-mugallym.

Ýene degişli makalalar

Gyşyň buşlukçysy dekabr aýy
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Bagtyýarlyk mukamy
Türkmenistanyň sambo we söweş sambosy boýunça milli ýygyndysy Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda 13 medal gazandy
Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilen Sambo boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler