Türkmenistan BAE-niň iň uly lukmançylyk kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan BAE-niň iň uly lukmançylyk kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Serdarmammet Garajaýew BAE-däki Burjeel Holdings kompaniýasynyň halkara işewürligi ösdürmek boýunça menejeri jenap Asif Asgarow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň dürli mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyrlar. Şeýle hem geljekde Türkmenistana we kompaniýa peýdaly boljak taslamalary durmuşa geçirmäge niýetlerini mälim etdiler. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 1-nji awgustda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar lukmançylyk syýahatçylygy, näsaglary bejermegiň, olara hyzmat etmegiň innowasion ugurlarynda we beýleki ugurlarda tejribe alyşmagy, şeýle-de lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alyş-çalyş maksatnamalaryny döretmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty senagaty ministrligi bilen Burjeel Holdings kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýamagy we aragatnaşyk kanallaryny döretmeklige aýratyn üns berildi.

Duşuşykda iki tarap hem saglygy goraýyş pudagynda ösüşi we innowasiýalary güýçlendirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy berkitmeklige aýratyn üns berjekdilerini nygtadylar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdan Kazana we Dubaýa dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldilýär, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde Soňky jaň dabarasy geçirildi, Awaza üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmegiň düzgünleri we beýleki habarlar
Ýere 2022-nji ýylyň iň uly asteroidi golaýlaşýar
Abu Dabi Türkiýäniň Baýdagynyň Reňki Bilen Bezeldi
Birleşen Arap Emirlerinde Prezident Erdoganyň Sapary Üçin Uly Taýarlyk Görülýär
Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi
Iň beýik myhmanhana açyldy