Türkmenistan BAE bilen sport hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarar

Türkmenistan BAE bilen sport hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarar

Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde sport babatyndaky hyzmatdaşlygy hem has berkider. Dostlukly döwletiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameliniň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary bilen geçiren gepleşiklerinde bu hyzmatdaşlygyň geljegi barada takyk wezipeler goýuldy.

Duşuşyga türkmen tarapyndan komitetiň başlygynyň orunbasary Serdar Ataýew we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Şamyrat Seräýew gatnaşdy.

Taraplar iki döwletiň arasynda uzak ýyllara daýanýan sport hyzmatdaşlygyny geljekde has ýokary netijelere çykarmagy meýilleşdirýärler. Şunda türgenleriň we tälimçileriň alyş-çalşygy, sport desgalarynyň gurluşygy we olaryň dolandyrylyşy ýaly meselelere aýratyn orun berler ― diýip, ilçihananyň jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyndan habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we BAE sport pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldylar
Dalaşgärleriň dykgatyna!
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Ildeşlerimiziň ralli ýaryşyndaky üstünligi
Türkmenistan Russiýadan 5 sany teplowoz satyn aldy, Milli Geňeşiň Mejlisi 14 sany täze kanun kabul etdi, RF-niň agentlikleri rus KHBS-niň saýtlarynyň ýapylandygy hakyndaky maglumaty ret etdi we beýleki habarlar