Türkmenistan Aziýada 10 günüň galmagyny dabaralandyrdy

Türkmenistan Aziýada 10 günüň galmagyny dabaralandyrdy

Türkmenistan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 10 günüň galmagyny uly dabara bilen belledi.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, dabaralar bir wagtda Aşgabat şäherinde we Mary welaýatynyň Galkynyş gaz ýatagynda geçirilipdir. 7-nji sentýabrda Galkynyş gaz ýatagynda gurnalan sahnalaşdyrylan baýramçylykda, 17-nji sentýabrda Aşgabatda başlanjak Aziýa oýunlarynda ulanyljak alaw üçin ot ýakmak dabarasy hem geçirildi. Tamdyryň odundan otlanan alawy Aziadanyň açyljak wagtynda, Olimpik stadionyna atlylar alyp bararlar.

Ýeri gelende ýatlatsak, oýunlara 500 gün galmagy mynasybetli ýurt boýunça atly ýörişe badalga berlipdi. Türkmen mediasy muny “deňi-taýy bolmadyk ýöriş” diýip, arşa galdyrsa-da, Azatlyk Radiosy atlylary garşylamak üçin adamlaryň birnäçe gün öňünden mejbury ýagdaýda çöle eltilendigi, hiç hili amatlyklar göz öňünde tutulmadyk şertlerde, adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşandygy dogursynda maglumatlar beripdi.

Alawy otlamak dabarasyna bu çäräni Aşgabatdan teleköpri arkaly synalýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ak patasyny berdi we Aziadanyň ýurduň “abraýyny has belende göterjekdigini” ýene bir gezek tekrarlady.

Şol bir wagtda, adam hukuklaryny goraýan halkara guramalary türkmen häkimiýetleriniň Aziada taýýarlyklarynyň çäginde adamlaryň jaýlarynyň öwezine hiç zat ýa-da ýeterlik kompensasiýa bermän ýumrulandygy dogrusynda aladalanma bildirip, hasabatlar ýaýradypdylar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabatda we onuň eteklerinde “paýtagty abadanlaşdyrmak” şygary astynda müňlerçe jaý we ilat arasynda “pristroýka” atlandyrylýan, goşmaça otaglar ýer-ýegsan edilipdi.

Mundanam başga, oýunlaryň öň ýanynda resmiler paýtagtda alkogol içgileriň söwdasyny gadagan etdiler, ýurduň beýleki sebitlerinden gelenleriň hereketini çäklendirdiler, ozalky tussaglara oýunlaryň geçýän ýerinden daşda durmagy tabşyrdylar we şäheri öýsüz haýwanlardan arassalamaga synanyşdylar.

Bu ýagdaýlaryň fonunda, “Human Rights Watch” we “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” toparlary geçen aýda, Aziýanyň Olimpik Geňeşine ýüzlenip, Türkmenistana onuň adam hukuklary babatyndaky borçlaryny ýatlatmaga çagyrypdylar.

Ýeri gelende bellesek, Aziada oýunlary we oňa görülýän giň gerimli taýýarlyklar Türkmenistanyň, dünýäniň bazarynda energiýa serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy sebäpli, iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwrüne gabat geldi.

Aziada bilen bagly harçlanýan çykdajylar barada maglumat berilmese-de, oýunlaryň geçjek Olimpiýa şäherçesi we bu çärä gabatlanyp gurlan täze aeroport üçin azyndan 7 milliard dollaryň goýberilendigi mälim edildi. Şeýle-de, häkimiýetleriň biznes wekillerinden we býjuet işgärlerinden oýunlara “meýletin gazanç” diýip, zor bilen pul serişdelerini toplaýandygy barada maglumatlar bar.

Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, oýunlara harçlanýan serişdeler barada hökümet ilata hiç hili maglumat bermän gelýär. Emma deňeşdirme üçin aýtsak, 2012-nji ýylda Londondaky Olimpiýa oýunlaryna 10 400 000 000 dollar harçlanan bolsa, 2016-njy ýyldaky Rio De Žaneýrodaky Olimpiýa oýunlaryna 4 600 000 000 dollar maliýe goýberilipdir.

Penşenbe güni eden çykyşynyň dowamynda, prezident Aziada gatnaşjak türkmen türgenleriniň gowy netije görkezmegini “watanyň öňündäki borç” diýip hem atlandyrdy.

Şeýle-de, penşenbe güni Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän iki sany desga, ýagny alawyň ýerleşdiriljek ýeri bolan atyň kellesini şekillendirýän heýkel we howuz dünýä boýunça ululygy bilen tapawutlandy we Ginessiň rekordlar kitabyna girdi.

Ýene degişli makalalar

Eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýan bagtly ene
Türkmen žiwopisçileriniň suratlarynda - taryh we däpler
Daşoguzda ilatyň tamdyr ulanmagyna çäklendirme girizilýär
Aşgabatda arzan çörek dessine satylyp gutarýar