Türkmenistan Azerbaýjana benziniň 42 müň tonnasyny eksport etdi

Türkmenistan Azerbaýjana benziniň 42 müň tonnasyny eksport etdi

2022-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistan Azerbaýjana 42 müň 831,33 tonna AI-92 benzini eksport etdi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan agentligi habar berdi.

Bu döwürde Türkmenistandan AI-92 benziniň Azerbaýjana eksporty 49 million 597,21 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistan bu ýangyjy goňşy ýurda eksport etmekde Russiýadan soň ikinji ýerde durýar. 2022-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Azerbaýjan 198 müň 790,13 tonna AI-92 benzini import etdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 39,8 esse köpdür.

Gymmatlyk nukdaýnazaryndan AI-92 benziniň importynyň mukdary 223 million 456,8 müň dollardan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 93,6 esse köpeldi.

AI-92 benziniň Azerbaýjanda diňe Geýdar Aliýew adyndaky Bakuw nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýändigini bellemelidiris.Azerbaýjanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen, 2022-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 2022-nji ýylyň 1-nji iýuny aralygynda AI-95 we AI-92 benzini import etmek üçin gümrük paçlary 15%-den nola çenli azaldyldy. Şeýle hem 2022-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Azerbaýjan 7 million 747,05 müň ABŞ dollary möçberinde Türkmenistandan 8 müň 196,25 tonna Premium Euro-95 awtoulag benzini import etdi.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjan “AI-92” görnüşli türkmen benzininiň 22,73 müň tonnasyny import etdi
Emeli aň boýunça ylalaşyk gazanyldy
Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi
Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 milliard adamyna ýetiriler
Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda atly mediaforum geçirildi
Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 miliard adamyna ýetiriler
Sebitde durnukly ösüşi goldamak boýunça maslahat geçirildi