Türkmenistanda ýurduň öňünde aýratyn hyzmat bitiren raýatlara şahsy pensiýalary bellemek göz öňünde tutulýar. Bu barada hökümet başlygynyň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 21-nji iýulda geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Wise—premýer öz hasabatynda raýatlara Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň hem-de şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine (TDH) görä, prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, durmuş üpjünçiligi ulgamyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýändigini aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary beripdir.
Ençeme ýyllardan bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda dowam edýän giň ýaýran işsizligiň arasynda, ilatyň sosial üpjünçilik we durmuş goraglylygy syýasaty ýurduň ykdysady we maliýe reallyklaryna gabat getirilmezlikde tankyt edilýär.
Türkmenistanda garyplygyň öňüne geçmek, gowşak gatlagy goramak ugrunda alnyp barylýan tagallalar barada açyk gürrüň edilmeýär, galyberse-de döwlet tarapyndan her ýyl 10 göterim töweregi ýokarlandyrylýan pensiýalar we kömek pullary ilatyň bazar sebedine gabat gelmeýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazow ýurtda girizilmegi meýilleşdirilýän şahsy pensiýalaryň fonunda 24-nji iýulda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda raýatlaryň pensiýalarynyň we döwlet kömek pullarynyň, hususan-da ýardama mätäç hojalyklaryň, maýyplaryň we köp çagaly eneleriň döwlet kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
“Eger-de, hakykatdan-da, adamlaryň gaýgysy edilýän bolsa, maýyplara, köp çagaly enelere we dogurdanam keselli adamlara hakyky kömek berilmeli, şolaryň pensiýalary köpeldilmeli” diýip, ykdysatçy aýtdy.
Synçylar Türkmenistanda girizilmegi göz öňünde tutulýan şahsy pensiýalara döwletiň özüne wepadar raýatlary sylaglamak synanyşygy hökmünde garaýarlar.
Öňki resmi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanda meýilleşdirilýän şahsy pensiýalaryň sowetler döwründe girizilen käbir pensiýa görnüşlerine meňzeýändigini aýtdy.
“Sowetler döwründe şolar ýaly pensiýalar bardy. Şeýle pensiýalar, çişirilip, respublikan pensiýasy’, soýuz pensiýasy’ atlandyrylardy. Ýalňyşmasam, respublikan pensiýasy 120 rubl, soýuz pensiýasy 180 rubl möçberinde kesgitlenipdi, ortaça alnanda.Ol kimlere berlerdi?
Aýdaly, oba hojalykda ýa-da senagatda köp ýyllap gowy işlän adamlara, ýa-da bolmasa, ýolbaşçylara, ministrlere, ministrlikde işlänlere, şolar ýaly, köp ýyllap, gowy işlän adamlara berlerdi.Häzirki döwri alyp görsek, men şoňa düşünemok, kimlere beriljek olar ýaly pensiýa?” diýip, ykdysatçy aýtdy we Türkmenistanda uzak ýyllaryň dowamynda ýokary wezipelerde işleýän adamlaryň azdygyny, olaryň yzygiderli çalşyrylýandygyny ýatlatdy.
Türkmenistanda göz öňünde tutulýan täze pensiýalary almagyň şertleri we möçberi aýdylmaýar.
Ýurtda şahsy pensiýalardan gaýry pensiýalar we döwlet kömek pullary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edaralary tarapyndan bellenilýär. Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda şahsy pensiýalar Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky ýörite topar tarapyndan bellenilýär.
21-nji iýulda geçirilen hökümet mejlisinde täze şahsy pensiýalary bellemek boýunça ýörite toparyň düzüminiň taýýarlanylandygy hasabat berildi. Ýöne şahsy pensiýalary bellemegiň şertleri aýdylmady.
Häzirki wagtda Türkmenistanda raýatlara ýaşy boýunça, hünäri boýunça, gulluk ýyllary boýunça, maýyplyk boýunça, ekleýjisini ýitirendigi boýunça we toplaýyş pensiýasy berilýär. Şahsy pensiýalary bellemegiň şertleri goşmaça düzgünleşdirilýär.
Pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 500 manat möçberde bellenildi. Şeýle-de, ýurtda iň pes aýlyk haky 1280 manat möçberinde bellenildi.
Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine görä, ýurtda pensiýalardan we döwlet kömek pullaryndan başga-da degişli raýatlara “ak goýun pul sylagy” ýaly sylaglar, galyberse-de, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara, şol sanda halk mugallymy, halk lukmany, ýa-da halk artisti ýaly ýörite atlara mynasyp bolan adamlara hem goşmaça pul sylaglary gowşurylýar.
Meselem, “Türkmenistanyň Gahrymany” diýlen at berlen adamlar 25 müň amerikan dollary, şeýle baýraga ikinji gezek mynasyp bolan adamlar 100 müň amerikan dollary möçberinde birwagtlaýyn pul sylagy bilen sylaglanýar we olaryň pensiýalary degişlilikde 50 göterim we 100 göterim köpeldilýär.
“Edermenlik” we “Gaýrat” döwlet nyşanlary bilen sylaglanan adamlar iň pes zähmet hakynyň bäş essesi möçberinde birwagtlaýyn pul sylagy bilen sylaglanýar hem-de pensiýasyna we kömek puluna aýlyk hakynyň 20 göterimi möçberinde goşmaça hak berilýär.
Türkmenistanyň halk mugallymy, halk lukmany, halk atşynasy, halk artisti ýa-da halk bagşysy ýaly atlar bilen sylaglanan adamlar iň pes zähmet hakynyň bäş essesi möçberinde pul sylagy bilen sylaglanýar we pensiýasyna, kömek puluna iň pes zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde goşmaça hak berilýär.
Ýöne Türkmenistanda saýlanan raýatlara berilýän döwlet sylaglary we halk atlary köplenç diňe dolandyryjylara wepadar adamlara berilýär.
Bu aralykda, Türkmenistanda giň ýaýran işsizligiň arasynda raýatlaryň durmuş goraglylygy, durmuş üpjünçiliginiň ýagdaýy ýaramaz galýar. Galyberse-de, ýurtda wagtal-wagtal pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň gijikdirilýän halatlary bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.