Türkmenistan awiakompaniýasynyň Russiýadan gaýtjak uçarlary 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan Aşgabat şäherine ugrukdyrylar. Bu barada Turkmenportala Aşgabat howa menziliniň sowal-jogap bölüminden habar berildi.
Şeýlelikde, Türkmenistan awiakompaniýasynyň Moskwadan (DME) we Kazandan (KZN) boljak uçuşlary Aşgabat halkara howa menziline ugrukdyrylar.
Ondan öň Kazandan gaýdyp gelýän Türkmenistan awiakompaniýasynyň uçarlary Türkmenabat (CRZ) howa menziline we Moskwadan uçan uçarlary bolsa Türkmenbaşy (KRW) şäherine gonýardy.
Türkmenistan awiakompaniýasy aşakdaky tertip boýunça Moskwadan we Kazandan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar:
Moskwa — Aşgabat
T5704 — çarşenbe güni sagat 00:15-de ugraýar
T5710 — anna güni sagat 10:35-de ugraýar
Kazan — Aşgabat
T5736 — duşenbe güni sagat 00:35-de ugraýar
T5738 — penşenbe güni sagat 11:00-da ugraýar
Türkmenistan awiakompaniýasy häzirki wagtda Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) göni yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan ähli halkara uçuşlary Aşgabat howa menziline ugrukdyrylar.