Russiýadaky Türkmenistan awiakompaniýasynyň baş agentligi awiakompaniýanyň ýaz-tomus möwsüminde amala aşyrjak yzygiderli gatnawlary üçin awiopetekleriň satuwyny açdy.
2023-nji ýylyň 26-njy martyndan 29-njy oktýabry aralygynda uçuşlar üçin petek satuwynyň başlanjakdygy habar berildi.
2023-nji ýylyň aprelinde Moskwadan Aşgabat şäherine awiopetekleriň bahasy 29 müň 775 (2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky ýagdaýa görä), Kazandan Aşgabat şäherine bolsa 28 müň 635 rubldyr.
Türkmenistan awiakompaniýasynyň ähli uçuşlary üçin awiapetekleri kompaniýanyň Russiýa Federasiýasyndaky baş agentliginiň resmi web sahypasyndan, şeýle hem Moskwa, Kazan we Sankt-Peterburgdaky wekilliginiň satuw ofislerinde satyn alyp bilersiňiz. Petek üçin Mir töleg ulgamynyň bank kartyny ulanyp, rus walýutasynda töläp bilersiňiz.
Petekleri Türkmenistan awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda hem satyn alyp bilersiňiz. Moskwadan Aşgabat şäherine bir uçuş peteginiň bahasy 4876 manat 90 teňňe bolar. Tölegi Altyn Asyr bank karty bilen geçirip bolar.
Türkmenistan awiakompaniýasy aşakdaky tertip boýunça Moskwa we Kazandan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar:
Moskwa — Aşgabat
Kazan — Aşgabat
Häzirki wagtda Türkmenistan awiakompaniýasynyň Aşgabatdan Stambula (Türkiýe), Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirýändigini ýatladýarys. Mart aýynyň ahyryndan başlap, Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Pekine (HHR) we Londona (Angliýa) yzygiderli gatnawlaryny ýola goýar.