Türkmenistan awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023-nji ýylyň mart aýy üçin Moskwa — Aşgabat we Kazan — Aşgabat ugurlary boýunça howa petekleriniň satuwyna başlady.
2023-nji ýylyň mart aýy üçin Türkmenistanyň raýatlary üçin Moskwadan Aşgabat şäherine howa peteginiň bahasy 28,439 rubl (2022-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli), Kazandan Aşgabat şäherine bolsa 27,389 rubldyr. Türkmenistan awiakompaniýasynyň uçuşlary üçin howa peteklerini Russiýa Federasiýasyndaky Baş agentliginiň resmi web sahypasyndan, şeýle hem Moskwa, Kazan we Sankt-Peterburgdaky satuw ofislerinde satyn alyp bilersiňiz.
Türkmenistan awiakompaniýasynyň resmi web sahypasyndaky petekler arzan görnüşlidir. Moskwadan Aşgabat şäherine bir petegiň bahasy Türkmenistanyň raýatlary üçin 4876 manat 90 teňňedir. Tölegi Altyn Asyr bank karty arkaly geçirip bolar.
Türkmenistan awiakompaniýasynyň Russiýadan uçýan uçarlarynyň 1-nji fewraldan Aşgabat şäherine ugrukdyryljakdygyny ýatladýarys. Häzirki wagta çenli Türkmenistan awiakompaniýasynyň Kazandan gaýdyp gelýän uçarlary Türkmenabat (Lebap welaýaty) howa menziline we Moskwadan gaýdyp gelýän uçarlary bolsa Türkmenbaşy (Balkan welaýaty) howa menziline gonýardy.
Türkmenistan awiakompaniýasy aşakdaky tertip boýunça Moskwa we Kazandan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar:
Moskwa — Aşgabat
Kazan — Aşgabat
Häzirki wagtda Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.