Türkmenistan awiakompaniýasynyň peteklerini alty aý öňünden satyn alyp bolar

Türkmenistan awiakompaniýasynyň peteklerini alty aý öňünden satyn alyp bolar

Türkmenistan awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň mart, aprel, maý, iýun, iýul, awgust, sentýabr we oktýabr aýlary üçin Aşgabatdan halkara ugurlaryna awiopetekleri onlaýn satyp başlady.

Türkmenistan awiakompaniýasynyň onlaýn satuw web sahypasy arkaly halkara uçuşlar üçin awiopetekleri satyn alanyňyzda 2,5% arzanladyş üpjün edilýär.

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Bu ugurlara petekler satuwa çykarylýar. Bu ugurlara Boeing uçarlary hyzmat edýär.

2023-nji ýylyň 22-nji fewralyna görä bahalar

Nyrhlar diňe bir ugur üçin görkezilendir.

Uçuş tertibi barada has giňişleýin maglumaty we petekleri awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan ýa-da iOS we Android üçin niýetlenen ykjam programmadan alyp bilersiňiz.

Programmada petegi satyn almak üçin islenýän ugry we syýahat senesini saýlamaly. Bu ugurda elektron petekleriň satuwy açyk bolsa, ýolagçy sanawdan islenýän uçuşy saýlap, Altyn Asyr bank karty bilen töleg geçirip biler. Raýatlar ulgama pasportdaky maglumatlary girizmelidir.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär? (2-nji bölüm)
Amerikada dünýäde iň güýçli çip bilen tanyşdyryldy
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Nvidia kompaniýasynyň başlygy programma düzüji däl-de, oba hojalykçy bolmagy maslahat berdi
'Salam Dogan!': Türkmenistanda gender deňligi barmy?
Arassa Nusga türkmen kärhanalaryna netijeli sanly gurallary durmuşa ornaşdyrmaga ýardam etdi
Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär