Türkmenistan awiakompaniýasy mart aýynyň ahyryndan Aşgabatdan Pekine (HHR) we Londona (Beýik Britaniýa) yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýýar. Uçuşlar Boeing uçarlarynda amala aşyrylar.
19-njy martdan başlap, türkmen awiakompaniýasy Pekin-Şoudu halkara howa menziline (PEK) uçuşlary dowam etdirer. Bu ugur boýunça başlangyç tapgyrda hepdede iki gezek gatnaw amala aşyrylar. Petekleri 9280 manatdan satyn alyp bilersiňiz.
20-nji martdan başlap, awiakompaniýa hepdede bir gezek ýygylygy bilen Londona (Stansted howa menzili) uçuşlara başlar. Petekleri 8926 manatdan satyn alyp bilersiňiz.
Häzirki wagtda petekleriň satuwy awiakompaniýanyň Aşgabatdaky esasy gullugy tarapyndan ýola goýuldy.
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Bu ugurlar üçin petekler awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda satylýar.
Şeýle-de okaň: