Türkmenistan awiakompaniýasy 2021-nji ýylyň 25-nji martyndan Agram konsepsiýasyndan (Weight Concept) Bölekleýin konsepsiýasyna (Piece Concept) wagtlaýyn geçdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.
Bu üýtgeşme ýolagçylaryň klasyna degişli bellenen iň ýokary agramy bilen goşmaça ýene 1 (bir) sanydan ybarat bolan bagažy (ýa-da sumka/torba we ş.m.) kesgitlenen tölegi bilen alyp biljekgini görkezýär. Mundan beýläk mugt bagažyň agramy ekonom klasy üçin 25, biznes klasy üçin 40 kilogram bolar. Bu agram ýolagçynyň el goşlary bilen bilelikde kabul edilen agramdyr.
Klasyna laýyk kesgitlenen bagažyndan daşary galan goşlaryny, ýagny 1 (bir) sany goşuny(çemodan, sumka) 32 kilograma çenli belli bir kesgitlenen bahada 50 ABŞ dollaryndan 60 ABŞ dollaryna çenli tölener.
Almaty / Dubaý / Abu-Dabi Türkmenistan kesgitlenen mugt bagaždan daşary ýene 32 kg çenli 1 (bir) goş bölegi üçin 50 ABŞ dollary;
Stambul / Ankara / Deli / Amritsar / Moskwa / Sankt-Peterburg / Kazan / Minsk / Pekin / Bangkok / London / Birmingem / Frankfurt Türkmenistan kesgitlenen mugt bagaždan daşary ýene 32 kg çenli 1 (bir) goş bölegi üçin 60 ABŞ dollaryndan ybaratdyr.