Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwar aýy üçin Aşgabatdan halkara gatnawlar üçin petek satyp başlaýar

Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwar aýy üçin Aşgabatdan halkara gatnawlar üçin petek satyp başlaýar

Türkmenistan awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň ýanwar aýy üçin Aşgabatdan halkara ugurlaryna howa petekleriniň satuwyna başlady.

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Häzirki wagtda bu ugurlara petekler satuwa çykarylýar. Gatnawlar Boeing uçarynda amala aşyrylýar.

Bahalar, 2022-nji ýylyň 20-nji noýabry

Nyrhlar diňe bir ugura niýetlenendir.

Uçuş tertibi we petekler barada has giňişleýin maglumaty awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan ýa-da iOS we Android üçin ykjam programmadan bilip bolar.

Programmada uçar petegini satyn almak üçin islenýän ugry we syýahat senesini saýlamaly. Bu ugurda elektron biletleriň satuwy açyk bolsa, ýolagçy sanawdan islenýän uçuşy saýlap biler we Altyn Asyr bank kartoçkasy bilen bilet töläp biler. Raýatlar ulgama pasportdaky maglumatlary girizmelidir.

Ýene degişli makalalar

'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
DT: Sowet hökmürowanlygynyň türkmen çäginde miras galdyran 'kolonial pikirleri'
Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz
Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň we üstünlikleriniň nyşany
Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy, Türkmenistanda galtaşyksyz töleg hyzmaty giriziler, Özbegistanda Türkmen halylarynyň milli muzeýiniň açylyşy boldy we beýleki habarlar
Täze Aýterek mobil goşundysy harytlar we hyzmatlar barada bildirişleri ýerleşdirmek üçin mümkinçilikleri hödürleýär
HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna gabat gelmeýär