Türkmenistan awiakompaniýasy uçarman käri boýunça okuwa kabul edilşigi yglan edýär

Türkmenistan awiakompaniýasy uçarman käri boýunça okuwa kabul edilşigi yglan edýär

Türkmenistan awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine kabul edilşigi yglan edýär. Bu barada turkmenistanairlines.tm saýtynda habar berildi.

Okuwlar awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barylýar (ylalalaşyk esasynda). Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, Türkmenistan awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti. Telefon belgisi: 23-47-88.

Türkiýe Respublikasynyň Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine 4 ýyllyk uçarman kärine okadyljak dalaşgärleri saýlap almaklygyň Tertibi:

1. Okuwa Türkmenistan raýatlylygy bolan saglyk ýagdaýy Türkmenhowaýollary agentliginiň lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

2. Okuw Türkmenistan awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilkibaşlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden (synag) we Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.

3. Türkmenhowaýollary agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň lukmançylyk merkeziniň barlaglaryndan 15 gününiň dowamynda geçmeli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 1 — 31-nji maýy aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— şahsy pasporty (göçürme nusgasy);

— harby şahadatnamasy (göçürme nusgasy);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenhowaýollary agentliginiň lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşanlar, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň nusgasyny tabşyrýarlar.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary Iňlis dili (gürlemek, ýazmak, okamak), matematika we fizika (şahadatnamalar makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.

Giriş synaglary 2024-nji ýylyň 1 — 30-njy iýun aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenhowaýollary agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi
6-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi