“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 3 aý möhleti bolan uçarbeletleriň ilki başlangyç okuwyna kabul edişligi yglan edýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resminamalar 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabryna çenli şu salgyda kabul edilýär: Aşgabadyň halkara howa menzili, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312-37-85-50; +99312-37-85-41
Dalaşgär üçin maglumat:
Türkmenistan raýatlylygynyň bolmagy;
Aşgabat şäherinde ýazgyda durmagy (Ahal welaýatynyň Akbugdaý, Gökdepe etraplaryna rugsat berilýär);
ýaşy 27-den geçmedik gyzlar hem ýigitler;
ýokary bilim baradaky resminamanyň bolmagy;
boýunyň 165 sm-den pes bolmazlygy;
türkmen we rus dillerini erkin bilmegi;
başlangyçdan (Elementary) pes bolmadyk derejede iňlis dil bilimi;
beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar;
mylaýym daş görnüş;
düşnükli/aýdyň sözleýiş;
alçaklyk;
suwda ýüzmek ukyby;
harby şahadatnamasynyň bolmagy (ýigitler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenden soň);
hyzmat ediş pudagynda işlemek islegi;
Zerur resminamalar:
1. Pasport
2. Diplom
3. Işleýänler üçin zähmet depderçesi;
4. Harby şahadatnama
5. Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama
Okuw söhbetdeşlikden we lukmançylyk toparynyň barlagyndan soň başlanýar.