Türkmenistan awiakompaniýasy totgadylmadan soň Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrdy

Türkmenistan awiakompaniýasy totgadylmadan soň Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrdy

Türkmenistan awiakompaniýasy şäherleriň arasynda howa gatnawy täzeden başlandan soň Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Muny Moskwanyň Domodedowo halkara howa menziliniň onlaýn tablosyndaky maglumatlar hem görkezýär.

Türkmen howa gatnawçysynyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden sagat 07:24-de uçup, 09:20-de (Moskwa wagty) Moskwa gondy. Uçuş dowamlylygy 3 sagat 56 minut.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji awgustynda Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlaryndaky gatnawlary togtatdypdy.

Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ekenom synpyň petekleriniň bahasy häzirki wagtda 3 708,30 TMT, biznes synpynyň petekleri bolsa 9 910,30 TMT. Daşary ýurt raýatlary üçin ekenom synpynyň petekleri 389,50 ABŞ dollary, biznes synpy bolsa 759,50 ABŞ dollary.

Moskwa — Aşgabat ugry boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin ekenom synpyň petekleriniň bahasy 33 787 rus rubluna, biznes synpy 67 865 rus rubluna, Türkmenistan awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda bolsa 3 629 TMT deňdir. Daşary ýurt raýatlary üçin ekenom synpynyň petekleri 366,80 ABŞ dollaryna, biznes synpynyň petekleri bolsa 768,80 ABŞ dollaryna deňdir.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza bermegini 50% köpeldendigini aýdýar
Damask Howa Menzili Halkara Uçuşlara Açylar
Anka-3 Ilkinji Uçuşyny Üstünlik Bilen Amala Aşyrdy
Baýraktar TB3 Uçuş Synagyny Üstünlik Bilen Geçdi
Özbegistan we Saud Arabystany howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmakçy
Hytaýyň we Russiýanyň Bombardyman Uçarlary Ýaponiýanyň Golaýynda Bilelikde Uçuş Amala Aşyrdy