Howa gatnawçysynyň resmi web sahypasynda Türkmenistan awiakompaniýasynyň tomusky tertibe geçendigi barada habar berildi.
26-njy martdan bäri Türkmenistan awiakompaniýasynyň uçarlary 8 ýurtda 9 ugra uçýar. Awiakompaniýa Almaty (Gazagystan), Dubaý (BAE), Deli (Hindistan), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Kazan (Russiýa), Moskwa (Russiýa), London (Angliýa), Pekin (Hytaý) we Stambul (Türkiýe) ýaly şäherlere uçuşlary amala aşyrýar.
2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden awiakompaniýanyň täze ýerli uçuş tertibi güýje girýär. Türkmenistan awiakompaniýasynyň içerki gatnawlary Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenbaşy, Türkmenabat we Kerki şäherlerini öz içine alýar.
Doly tertibi şu ýerden tapyp bilersiňiz.