Türkmenistan awiakompaniýasy Moskwa we Kazan boýunça gatnawlaryň uçuş tertibini hödürledi

Türkmenistan awiakompaniýasy Moskwa we Kazan boýunça gatnawlaryň uçuş tertibini hödürledi

Türkmenistan awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 2-nji awgustyndan başlap, Aşgabat — Moskwa — Aşgabat we Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlaryndaky gatnaw tertibi belli boldy.

Uçuş tertibi boýunça her howa menzili üçin ýerli wagt görkezilýär.

Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlary boýunça uçuşlar hepdede bir gezek — çarşenbe güni amala aşyrylýar:

Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN), T5-737 gatnawy

Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB), T5-738 gatnawy

Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlary boýunça uçuşlar hepdede dört gezek — sişenbe, çarşenbe, anna we şenbe günlerinde amala aşyrylýar: Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME), T5-703 gatnawy

Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB), T5-704 gatnawy

Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME), T5-725 gatnawy

Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB), T5-726 gatnawy

Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME), T5-723 gatnawy

Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB), T5-724 gatnawy

Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME), T5-705 gatnawy

Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB), T5-706 gatnawy

Täze meýilnama laýyklykda, Türkmenistan awiakompaniýasynyň uçarlarynyň 8 ýurt boýunça 9 ugra gatnawlary amala aşyrjakdygyny bellemelidiris.

Awiakompaniýanyň halkara aragatnaşyk ulgamy Deli (Hindistan), Dubaý (BAE), Maýyn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Kazan (Russiýa), Moskwa (Russiýa), London (Beýik Britaniýa), Pekin (Hytaý) we Stambul (Türkiýe) ýaly şäherleri öz içine alýar.

Uçuş tertibi we petekler boýunça has giňişleýin maglumatlary awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan ýa-da iOS we Android üçin niýetlenen ykjam programmasyndan alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
Türkmenistan Garlyk DMZ-i guran “Belgorhimpromdan” 911 milýon dollary yzyna tölemegi talap edýär
Aşgabatda bir ýarym asyra golaý ýaşan daragtlar ösýär
ÖMÜR DARAGTYNYŇ GÖZELLIGI
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi