Türkmenistan awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer

Türkmenistan awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer

Türkmenistanyň howa ýollary Aşgabatdan Milana (Italiýa), Kuala-Lumpura (Malaýziýa), Jidda (Saud Arabystany) we Hoşimine (Wýetnam) uçuşlaryny dowam etdirer. Muny turkmenistanairlines.tm web sahypasyndaky täzelenen maglumatlar görkezýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtyndan Jidda (4322.5 TMT) we Hoşimin 6002.5 TMT) uçuşlaryna petekleriň onlaýn satuwy başlandy.

Täze ugurlar boýunça ilkinji uçuşlar 2024-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda meýilleşdirilýär.

5-nji ýanwardan başlap, Türkmenistan awiakompaniýasynyň Aşgabat — Abu Dabi — Aşgabat şäherlerine yzygiderli göni gatnawlara başlajakdygyny ýatladýarys. Şeýlelikde, şu ýyl türkmen awiakompaniýalary 12 ýurtda 14 halkara ugurda uçuş amala aşyrar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň sanyny artdyrýar
Aşgabat — Milan uçuşlary üçin petekler onlaýn satuwa çykarylýar
Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine ýola goýuljak uçuşlaryň wagty belli boldy
Türkmenistan awiakompaniýasy Jidda we Hoşimin şäherlerine awiapetekleriň onlaýn-satuwyny açdy
“Türkmenistan” awiakompaniýasy dört ugur boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi