Türkmenistan awiakompaniýasy mart aýynyň halkara gatnawlar üçin peteklerini onlaýn satyp başlady

Türkmenistan awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň mart aýy üçin Aşgabatdan halkara ugurlara howa peteklerini onlaýn satyp başlady.

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Bahalar 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwaryna çenli

Aşgabat (ASB) — Dubaý (DXB): 3892 manat 60 teňňe

Aşgabat (ASB) — Frankfurt (FRA): 8023 manat 80 teňňe

Aşgabat (ASB) — Stambul (IST): 4877 manat 50 teňňe

Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME): 4910 manat 80 teňňe

Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN): 4886 manat 30 teňňe

Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB): 4823 manat 30 teňňe

Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB): 4876 manat 90 teňňe

Nyrhlar diňe bir ugur üçin görkezilendir.

Uçuş tertibi we petekler barada has giňişleýin maglumaty Türkmenistan awiakompaniýasynyň resmi saýtyndan ýa-da iOS we Android üçin niýetlenen mobil goşundylardan alyp bilersiňiz.

Programmada uçar petegini satyn almak üçin islenýän ugry we syýahat senesini saýlamaly. Bu ugurda elektron petekleriň satuwy açyk bolsa, ýolagçy sanawdan islenýän uçuşy saýlap, Altyn Asyr bank karty bilen töleg töläp biler.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär? (2-nji bölüm)
Amerikada dünýäde iň güýçli çip bilen tanyşdyryldy
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Nvidia kompaniýasynyň başlygy programma düzüji däl-de, oba hojalykçy bolmagy maslahat berdi
'Salam Dogan!': Türkmenistanda gender deňligi barmy?
Arassa Nusga türkmen kärhanalaryna netijeli sanly gurallary durmuşa ornaşdyrmaga ýardam etdi
Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär