Türkmenistan awiakompaniýasy Londonadaky gonuş menzilini üýtgedýär

Türkmenistan awiakompaniýasy Londonadaky gonuş menzilini üýtgedýär

Türkmenistan awiakompaniýasy şu ýylyň aprelinde Aşgabat — London Gatwik ugra uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu gatnaw ozal bar bolan Londonyň Hitrou aeroportuna amala aşyrylýan uçuşlaryň ýerini çalşar. 3-nji aprelden Boeing 777-200LR kysymly ýolagçy uçary degişli ugur boýunça uçuşlary hepdede bir gezek amala aşyrar. Bu dünýädäki awiakompaniýalaryň uçuş tertibindäki üýtgeşmeler bilen habarly etmäge ýöriteleşen AeroRoutes kompaniýasy tarapyndan habar berilýär.

T5423 ASB1200 1510LGW 77L 3 T5424 LGW1655 0300+1ASB 77L 3

Londonyň Gatwik howa menzili (LGW), Angliýanyň paýtagt sebitine hyzmat edýän alty sany esasy howa menzilleriniň biri bolup, ol Hitroudan soň ýurtdaky iň işjeň ikinji howa menzilidir.

Londonyň merkezinden, takmynan, 45 km uzaklykda ýerleşýän bu howa menzili British Airways kompaniýasy üçin merkez bolup hyzmat edýär. Bu ýerde Emirates, Turkish Airlines we beýleki iri awiakompaniýalar uçuş-gonuşlaryuş-gonuşlary amala aşyrýarlar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gowy awiakompaniýalary
Iň gowy awiakompaniýalar mälim edildi
26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Nebit we tebigy gaz eksportunda öňdebaryjy
Elektroulaglary öndürer
Mahindra & Mahindra elektrik ulaglaryny öndürmekçi