Türkmenistan awiakompaniýasy Jidda we Hoşimin şäherlerine awiapetekleriň onlaýn-satuwyny açdy

Türkmenistan awiakompaniýasy Jidda we Hoşimin şäherlerine awiapetekleriň onlaýn-satuwyny açdy

Türkmenistan awiakompaniýasy turkmenistanairlines.tm resmi web saýtynda Jidda (Saud Arabystany) hem-de Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň onlaýn-satuwyny ýola goýdy.

Aşgabat — Jidda ugrunyň awiapeteginiň bahasy — 4322,5 TMT, yzyna amala aşyrylýan gatnawyň (Jidda — Aşgabat) awiapeteginiň bahasy bolsa — 4383 TMT barabardyr. Bu howa gatnawlary 16-njy fewraldan başlap, hepdede 2 gezek tertibinde ýola goýlar.

Aşgabat — Hoşimin ugrunyň awiapeteginiň bahasy — 6002,5 TMT, yzyna amala aşyrylýan gatnawyň bahasy — 6047,5 TMT diýlip kesgitlenen. Bu ugurlar boýunça howa gatnawlary 5-nji martdan başlap, hepdede 2 gezek ýerine ýetiriler.

Şeýle-de Türkmenistan awiakompaniýasynyň saýtynda ýakynda Abu-Dabi (BAE), Kuala-Lumpur (Malaýziýa) hem-de Milan (Italiýa) şäherlerine howa gatnawynyň petekleriniň onlaýn-satuwy elýeterli boldy.

Awiapetekleri Altyn asyr bank kartlaryndan töleg geçirmek arkaly satyn alyp bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň sanyny artdyrýar
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär
Hünärmenler täze halkara reýsleriň daşary ýurtlulary, Türkmenistana girizmeden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýdýarlar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy dört ugur boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär