“Türkmenistan” awiakompaniýasy bir aý möhlet bilen Moskwa uçuşlaryny ýatyrdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy bir aý möhlet bilen Moskwa uçuşlaryny ýatyrdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 30.12.24 31.01.25 seneler aralygynda Aşgabat Moskwa - Aşgabat rejeli gatnawlary ýatyrylandygyny yglan etdi. 28-nji dekabrda ýaýradylan bildirişde muňa düşündiriş berilmeýär.

Beýanatda biletleriň doly ýagdaýda tutumsyz yzyna gaýtaryp berilýändigi hem bellenilýär.

Mundan bir gün öň, Azerbaýjanyň howa ýollary Russiýanyň birnäçe şäherlerine uçuşlaryny togtatýandygyny mälim edipdi. Bu Azerbaýjanyň howa ýollarynyň Russiýanyň Groznyý şäherine barýan uçarynyň 25-nji dekabrda Gazagystanda heläkçilige uçramagy bilen bagly ýagdaýyň daşyndaky kesgitsizligiň fonunda bolup geçdi. Heläkçilik zerarly uçardaky 67 sany ýolagçydan we ekipaž agzalaryndan 38 adam öldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenler azeri halkyna duýgudaşlyk bildirýär, uçar heläkçiligi boýunça halkara derňewini nygtaýar
Russiýada Bolan Uçar Heläkçiliginde 2 Adam Ýogaldy
Uçar Heläkçiliginden 32 Adam Halas Boldy
Prezident Erdogan Azerbaýjana Gynanç Bildirdi
Azerbaýjanyň Howa Ýollaryna Degişli Ýolagçy Uçary Heläkçilige Uçrady
Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy