Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar

Türkmenistanyň milli howa gatnawçysy 2024-nji ýylyň täze tomus meýilnamasynda Aşgabat — Deli ugry boýunça ýolagçy gatnawlarynyň sanynyň köpelendigini habar berdi. Türkmenistan awiakompaniýasynyň resmi web sahypasyndaky maglumatlara görä, Hindistanyň paýtagtyna hepdelik uçuşlaryň sany ikiden üçe çenli artar.

2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabry aralygynda güýje girýän täze meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan Delä uçuşlar T5-531 (uçur 01:45, gonuş 05:35), T5-533 (07:00 — 10:50), T5-537 (04:00 — 07:50) belgiler boýunça amala aşyrylar.

Uçarlar Deliden Aşgabat şäherine şeýle tertipde gaýdyp geler: T5-532 (06:55 — 10:35), T5-534 (12:20 — 16:00), T5-538 (09:20 — 13:00). Wagt ýerli howa menziliniň wagtyna esaslanýar.

Delä uçuş ýygylygynyň ýokarlanmagy Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky howa gatnawyna bolan islegi kanagatlandyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu üstaşyr uçuşdan peýdalanýan ýolagçylar üçin aragatnaşygy gowulandyrar.

Ýene degişli makalalar

29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan awiakompaniýasy täzelenen halkara uçuş tertibini hödürledi
Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy Haýdarabat we Pune şäherlerindäki uniwersitetlerde duşuşyk geçirdi
Türkmen Bitaraplygy dünýä nusgalyk
Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde ussatlyk sapaklary guraldy
18-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti