
Türkmenistan awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat Abu-Dabi Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy mynasybetli uly arzanlaşyk yglan etdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan awiakompaniýasy Abu-Dabi şäherine hepdäniň anna güni uçuşlary amala aşyrýar. Arzanlaşyk yglan edilmezden ozal Abu-Dabi şäherine uçmak üçin bir tarapyň peteginiň bahasy 3942,3 manata deňdi.