Türkmenistan Asiavision reýtinginiň öňdebaryjy onlugyndan ýer aldy

Türkmenistan Asiavision reýtinginiň öňdebaryjy onlugyndan ýer aldy

Malaýziýanyň Kuçing şäherinde geçen Ählumumy habarlar forumynyň dowamynda Aziýa-Ýuwaş ummany ýaýlym birleşmesiniň garamagyndaky, her ýylda 15 müň materiala golaý çap edýän Asiavision reýtinginiň 10 sany iň işjeň gatnaşyjysy kesgitlenildi. Türkmenistan gözden geçirilýän döwürde üç ýüze golaý makala ugradyp, abraýly yklymlaýyn reýtingde 7-nji basgançakdan ýer aldy.

Ählumumy habarlar forumynyň çäklerinde dünýäniň 30-a golaý döwletiniň öňdebaryjy maglumatlar agentlikleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýakyn bir ýyl üçin maglumatlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, okuwlaryň geçilmegini we hünäri ýokarlandyrmagy, halkara auditoriýasy bilen işleşmek boýunça toparyň döredilmegini, şeýle hem KHBS-niň durnukly ösüşiň Maksatlaryna ýetmekdäki üstünliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumda Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky Döwlet komitetiniň hünärmenleri Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Ýeri gelende bellesek, Asiavision (AVN) Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşmesiniň habarlar bölümi tarapyndan dolandyrylýan wideohabar alyş-çalşygydyr. Platformada her ýyl 15 000-den gowrak täzelik paýlaşylýar. Asiavision biznes, daşky gurşaw, saglyk, tehnologiýa, sport, bilim, medeniýet, innowasiýa we sungat ýaly ugurlarda möhüm täzelikleri we habarlary öz içine alýar.

Ýene degişli makalalar

2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Türkmen işewürleri Astanada geçiriljek Halkara maýa goýum forumyna gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen ilçisi Koreýa Respublikasynyň işgärleri dolandyryş ministri bilen duşuşdy
1-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen wekiliýeti Routes Asia 2024 forumyna gatnaşýar