Türkmenistan Amyderýanyň üstünden gurlan 122 ýyllyk taryhy demir köprini ýykmakçy bolýar

Türkmenistan Amyderýanyň üstünden gurlan 122 ýyllyk taryhy demir köprini ýykmakçy bolýar

Türkmenistanda demir önümleriniň importy bilen bagly dowam edýän kynçylyklaryň arasynda, häkimiýetler Amyderýanyň üstünden geçýän taryhy demir köprini ýykmaga taýýarlanýar. Azatlygyň çeşmeleri uzynlygy 1200 metr töweregi bolan köprüden söküljek onlarça müň tonnalyk demir önümleriniň ýerli bazarlarda satuwa çykarylmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar.

Häzirki Türkmenistanyň çäkleriniň Rus patyşalygyna birikdirilmeginiň yz ýany, 1898-1901-nji ýyllarda Amyderýanyň üstünden gurlan iň iri demir ýol köprüsini “ýykmaga taýýarlyk görülýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi habar berýär.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, taryhy demir ýol köprüsiniň ýykylmagy bilen bagly 2023-nji ýylda wise-premýer derejesinde karar kabul edilipdir.

Bu köpri 2014-nji ýylda ulanyşdan galypdy diýip, çeşmämiz aýdýar.

Amyderýanyň Lebap welaýatyndan geçýän böleginde 2017-nji ýylda Türkmenabat Farap täze demir ýol köprüsi gurlup, ulanylmaga berildi. Bu köprüniň gurluşygy “Altkom” ukrain kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi we iri desganyň açylyşyna Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşypdy.

Biraz öň, 2009-nji ýylda Amyderýanyň üstünden Kerki Kerkiçi awtomobil köprüsi, 2013-nji ýylda Kerki Kerkiçi demir ýol köprüsi gurlupdy.

Bu aralykda, ýurduň gurluşyk harytlary satylýan söwda nokatlarynda demir önümleri gytaldy.

Azatlygyň çeşmesi soňky ýyllarda Türkmenistanda demir önümleriniň importy bilen bagly dürli päsgelçilikler’ dowam edýän mahaly, köne desgalardan sökülýän demirleriň ýerli kärhanalarda gaýtadan işlenýändigini gürrüň berýär.

“Köne we ýykyljak bolup duran desgalardan sökülýän demir önümlerine dessine hyrydar tapylýar” diýip, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi aýdýar.

Gurluşyk harytlary satylýan bazarlarda esasan ulanylan demir önümleriniň söwdasy agdyklyk edýär.

Azatlygyň çeşmeleri we habarçylary ýerli kärhanalaryň ýykylýan binalardaky demir böleklerini bazarlarda ýerlemek işleri bilen meşgul bolýandyklaryny habar berýär.

“Düýbi Mary welaýatynda ýerleşýän bir ýerli kärhana Lebap welaýatyndaky köne howa menzilini hem-de Bitaraplyk (öňki Dostluk) seýilgähini ýykmak işlerine gatnaşdy, köne desgalardan sökülen demir önümlerini bazarlarda satuwa çykardy” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

2009-njy ýylda Owadandepe şäherçesinde Türkmenistanyň ilkinji demir önümleri kärhanasy, “Türkmendemirönümleri” döwlet kompaniýasy açyldy.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri ýurtda öndürilen demir önümlerini mahabatlandyrýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri ýerli demir kärhanalarynyň ýurduň çägine SSSR döwründe getirilen demirleri eredip, şol demirden önüm öndürýändiklerini, şeýle-de soňky ýyllarda Türkmenistana demir önümlerini import etmegiň has-da kynlaşandygyny habar berýärler.

Şol bir wagtda, bazarlarda demir önümleriniň bahalary gymmat bolmagynda galýar.

Marynyň gurluşyk bazarlarynda uzynlygy bir metr bolan şweller 200 manatdan, armatur önümleriniň bir metri 100 manatdan bahalanýar.

Rus patyşalygynyň goşunlary XIX asyryň ahyrlarynda Merkezi Aziýa sebitlerini doly basyp alandan soň, 1901-nji ýylda Amyderýanyň üstünden gurlan hemişelik demir ýol köprüsi işe girizildi.

Köprüniň gurluşygyna üç müň töweregi işçi-gullukçy çekildi.

Bu köpri ilkibaşda işe girizilende uzynlygy boýunça Russiýa patyşalygynyň çäginde birinji, dünýäde üçünji orny eýeläpdir.

Sowet Soýuzy 1979-nji ýylda Owganystana goşun girizende bu köprüniň üsti bilen agyr harby tehnikalary daşapdy.

Azatlygyň çeşmeleri häzirki wagtda bu köprini ýykmak işlerine girişilýändigini, köpriniň ýerleşýän ýerine agyr tehnikalary çekmek işleriniň dowam edýändigini habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň arasynda Özbegistana hemişelik göçýän maşgalalar köpelýär
Şu dört mesele çözülmese, Türkmenistanda maýa goýum gurşawy gowulanmaz ýerli hünärmen
Sarymeýdan obasyny agyz suwy we güzeran kynçylygy heläk edýär
06.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: ulag we aragatnaşyk
2017-nji ýylyň ýylýazgysy: ulag we aragatnaşyk