Türkmenistan: aktiwistiň ejesine edilen hüjüm režimiň tankytçylaryna basyşyň gowşamazlygynyň fonunda alada döredýär

3-nji noýabr, 2017 ý.

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ýurtda bolup geçýän ýagdaýlary tankytlaýan graždan aktiwistlerine, žurnalistlere we beýleki adamlara garşy gönükdirilen kampaniýasy hiç bir jähtden gowşadylmak alamatyny görkezmeýär.Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” (AHTI), “Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary we azatlyklary” (TRHA), Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlugy (AHHP) guramalary we “Memorial” hukuk goraýyş merkezi tankydy pikirleri bilen çykyş edýän adamlara abanýan howp-hatarlar we ýanamalar baradaky täze habarlardan, şol sanda AHTI-niň başlygynyň ýaşy bir çene baran ejesine golaýda edilen hüjümden çuňňur alada galýar.

AHTI bosgunlykda, Awstriýada ýerleşýän hem bolsa, onuň başlygy Farid Tuhabtullin özüniň hukuk goraýjylyk işi we ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistanyň häkimiýetleriniň syýasatyny tankytlamagy bilen baglylykda ençeme gezek haýbat atylmalara sezewar boldy. Onuň Türkmenistandaky garyndaşlary hem gorkuzmalara we ýanamalara sezewar edildi.

2017-nji ýylyň 28-nji oktýabryndan 29-njy oktýabryna geçilýän gije nämälim hüjümçiler hukuk goraýjynyň Türkmenistanyň demirgazygyndaky Daşoguz şäherinde ýaşaýan 76 ýaşly ejesi Halida Izbastinowanyň kwartirasynyň äpişgesine kerpiç we daş zyňdylar.

Netijede onuň äpişge aýnalarynyň birnäçesi döwüldi.Begençli ýeri, zyňylan daşlar kwartirada ýekelikde ýaşaýan enäniň özüne beden ýarasyny salmady, emma bu hadysa ony gorkuzdy we tolgundyrdy, netijede “Tiz kömek” medisina gullugyny çagyrmaly boldy.

Mundanam başga, wakanyň bolan ýerine gelen polisiýa işgärleri ondan sorag etdiler.Bolan hadysa boýunça derňew işi açyldy, emma häzire çenli ondan hiç bir netije çykmady.Izbastinowa bilen telefon aragatnaşygy şenbe güni, 28-nji oktýabr agşamy kesildi we birnäçe günläp aragatnaşyk bolmady.

“Bizde öz kärdeşimiziň we dostumyzyň ejesine edilen aýylganç hüjümiň onuň kanuny hukuk goraýjylyk işi üçin ar alyşdygyny çaklamaga ähli esas bar. Türkmenistanyň häkimiýetleri gaýragoýulmasyz, berk we tarap tutmazdan derňew geçirmeli hem-de günäkärleri jogapkärçilige çekmeli” diýip, AHHP-nyň direktory Brižit Dýufur aýtdy.

Izbastinowa edilen hüjüm soňky wagtlarda habar berlen ýeke-täk ýanama fakty däl we ol umumy tendensiýanyň bir bölegi bolup durýar.Türkmenistan häzirki başdan geçirýän ykdysady krizisi we 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen V Aziýa oýunlary bilen baglylykda häkimiýetler tankydyň öňüni almak boýunça barha güýçlendirilýän çäreleri görýärler.

Krizise garamazdan, ýaryşlary ýurduň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda ulanmak üçin, häkimiýetler Aziýa oýunlaryna milliardlarça dollar harç etdiler we şol bir wagtyň özünde döwlet propagandasyna garşy çykýan adamlaryň ýurt içindäki e daşyndaky beýleki raýatlar bilen gepleşmegine päsgelçilik döredip, olara basyşy güýçlendirdiler.

“Aziýa oýunlary Türkmenistana ünsi çekdi we bu izolirlenen merkezi-aziýa ýurdunyň bardygyny halkara jemgyýetçiliginiň ýadyna saldy.Häzir bu üns gowşady, emma meniň ejeme edilen hüjümden görnüşine görä, ýurduň häkimiýetleri şindi hem öňküleri ýaly, öz repressiw syýasatlary bilen ylalaşmaýan we öz nägileligini aýdýan adamlary dymmaga mejbur etjek bolýarlar” diýip, ATHI-niň başlygy Farid Tuhbatullin aýtdy.

Aktiwist Galina Wertýakowa sosial ulgamlarda galdyrýan tankydy kommentariýalary üçin edilýän basyşlar gaýtadan güýçlendirildi.TRHA-nyň maglumatyna görä, 2017-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda onuň Aşgabatdaky öýüne milli howpsuzlyk organlarynyň dört işgäri geldi, olar aktiwisti “ýalan” maglumatlary ýaýratmakda aýypladylar we oňa haýbat atdylar.

Olaryň biri “seni öldürmekleri üçin biziň iki barmagymyzy gymyldatmak ýeterlik” diýdi.Mundan öň, 2016-njy ýylyň oktýabrynda Wertýakowany tussag etdiler we uzaga çekmedik sud seljerişliginden soň ol, hamala öý uprawleniýesiniň wekilinden bikanun pul alandygy üçin, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Hakykat ýüzünde ol sosial ulgamlarda galdyran kommentarileri, şol sanda hökümetiň Aşgabatdaky köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylaryna olaryň jaýlarynyň “binagärlik keşbini gowulandyrmak” üçin äpişge aýnalaryny garaltmak barada beren buýrugy hakynda ýazan pikirleri sebäpli jezalandyryldy.

Ol 2016-njy ýylyň dekabrynda günä geçiş esasynda azatlyga çykdy, emma ol howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan gözegçilik astynda saklanylýar.

Jandarlaryň hukuklaryny goraýan we sosial ulgamlarda Aşgabatdaky eýesiz itleriň we pişikleriň rehimsizlik bilen gyrylmagyna öz protestini bildiren Galina Kuçarenko hem hemişe gözegçilik astynda saklanylýar.

Onuň jaýynyň ýanynda aktiwistiň ähli gymyldy-hereketine gözegçilik edýän maşyn nobatçylyk çekýär.Onuň we Wertýakowanyň internete birikmeginiň we mobil aragatnaşygynyň öňi baglanýar. Şeýle-de ol sosial ulgamlarda özüni dowam edýän häkimiýetiň tarapdarlary hökmünde görkezýän ulanyjylar tarapyndan ençeme gezek hüjüme sezewar edildi.

Oňa onlaýnda hem, hakyky durmuşda hem haýbat atdylar we prezident Berdimuhamedow baradaky “tankydy” we “ýalan sözi” üçin jogap bermeli boljakdygyny aýtdylar.

Pikirini açyk aýdýan we AHTI bilen hyzmatdaşlyk saklaýan, häkimiýetleri tankytlaýan makalalaryny öz ady bilen çap edýän aktiwist Nataliýa Şabunts hem soňky wagtlarda yzygiderli gözegçilik astynda ýerleşýär.

Onuň internet aragatnaşygy kesilen we ol 2017-nji ýylyň awgustynda aýallar toparynyň hüjümine sezewar boldy, olar oňa jynsparazçylykly we masgaralaýjy sözleri aýdyp, yzyndan gygyryp, Türkmenistany terk etmegini talap etdiler.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy, ýurtdaky sosial meseleler we ykdysady çöküşiň netijeleri barada habar berýän Soltan Açylowa hem soňky wagtlarda yzygiderli ýanamalara sezewar bolýar, onuň internet elýeterliligi we mobil telefon aragatnaşygy baglandy.

Ol ençeme gezek gorkuzmalara we hüjüme sezewar edildi. 2017-nji ýylyň iýulynda oňa nämälim bir erkek tarapyndan haýbat atyldy, ol adam fiziki güýç ulanyp, habarçynyň fotosurat almagyna ýol bermedi.

Onuň çagalary hem ýanamalara sezewar edilýär.

“Azatlyk” radiosynyň beýleki habarçylary hem jenaýatçy hökmünde ýanamalara sezewar edildi. “Azatlyk” radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow we onuň ejesi 2017-nji ýylyň fewralynda nas saklamakda aýyplanyp, üç ýyl şertli tussaglyga höküm edildi.

Nas saklamak Türkmenistanda jenaýat hasaplanýar, emma mundan öň bu iş boýunça sud edilen bolmandy.Allaşow we onuň ejesi şondan bäri howpsuzlyk işgärleriniň gözegçiligi astynda saklanýar. “Azatlyk” radiosy we “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýekti bilen hyzmatdaşlyk eden žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň awgustynda derman serişdelerini bikanun saklamakda aýyplanyp, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edileli bäri gözenegiň arkasynda galýar.

“Biz Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlaryny öz ýurdundaky adalatsyzlyklar we ýanamalar barada pikirini aýdýan şu we beýleki adamlaryň ýagdaýyna, olaryň Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan ýanalmagyna, yzarlanmagyna we gorkuzylmagyna ýakyndan üns bermäge çagyrýarys. Olara daşarky dünýäniň goldawy örän zerur” diýip, TRHA-nyň (gurama bosgunlykda, Çeh respublikasynda ýerleşýär) baş redaktory Geldi Kärizow aýtdy.

Ozalky syýasy tussag we Türkmenistany 2015-nji ýylda terk eden Geldi Kärizowyň garyndaşlary hem ol ýurtdan çykandan soň basyşa sezewar edildi.Mysal üçin, howpsuzlyk gulluklary onuň inisi Baýram Kärizowy şu ýylyň başynda wideoýazgy edip, agasyny Türkmenistana we onuň hökümetine dönüklik etmekde aýyplamaga mejbur etdiler.

“Halkara jemgyýetçiliginiň wekilleri Türkmenistanyň häkimiýetlerine olaryň jemgyýetçiligiň ýurduň öňünde duran problemalary, şol sanda ykdysady we sosial meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmagyna ýardam bermek baradaky borçlaryny ýatlatmaly, bu prosesi basyp ýatyrmaly däldiklerini aýtmaly. Ýagdaýyň mundan aňryk hem agyrlaşmagynyň öňüni diňe halkara jemgyýetçiliginiň üns bermegi alyp biler” diýip, “Memorial” hukuk goraýyş merkeziniň başlygy Witaliý Ponomarýew aýtdy.

Ýene degişli makalalar

ÝB-niň daşary syýasat başlygyna Türkmenistanyň DIM-niň başlygy R.Meredow bilen duşuşmazyndan öň ýazylan açyk hat
Saýlaw çärelerine gatnaşdyryljak talyp gyzlardan milli egin-eşik satyn almak talap edilýär
Kärizow: Atçapyşyk ýene Berdimuhamedowyň mahabatyna öwrüldi
Kärizow: Atçapyşyk ýene Berdimuhamedowyň mahabatyna öwrüldi
Türkmen türmesinde diri ýiten 112 tussagyň 23-siniň bendilikde ýogalandygy aýdylýar
'Alabaýyň ýadygärligini dikmezden öň, onuň arassa tohumyny gorap saklamaly'