Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar.Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde gözellikde hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şanyna tutulýan Türkmen bedewiniň baýramynyň dabaralary giň gerime eýe bolýar.Dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen bedewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Ýurdumyzda giňden toýlanýan Türkmen bedewiniň baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisiniň, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahatynyň, uzak aralyga atlymarafon we beýleki atçylyk sportuna degişli ýaryşlaryň geçirilmegi dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Bu baýramçylyk çärelerine dünýäniň köp sanly ýurdundan myhmanlaryň gatnaşmagy örän guwandyryjy, buýsandyryjy hadysadyr.Häzirki döwürde öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze manymazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
Bu işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary ýatyr.Türkmen aty, halysy, dutary, ak bugdaýy, şaý-sepleri, alabaý iti bularyň ählisi-de halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarydyr, adamzadyň maddy medeniýetine goşan ägirt uly goşandydyr.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda milli gymmatlyklarymyzyň, şol sanda behişdi bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Şu ýylky bedew baýramy günlerinde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky VII mejlisinde Halkara atçylyk sport federasiýasynyň (FEI) baştutany Ingmar De Wos hormatly Prezidentimize Türkmenistanda atçylyk sport pudagyny ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogyny we medalyny, Halkara epizotik býurosynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Kazimiras Lukauskas bolsa, Türkmenistanyň at keselinden azat zolak derejesine eýe bolandygyny tassyklaýan sertifikaty gowşurmagy merdana halkymyzda çäksiz buýsanç döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň milli atçylyk pudagyny ösdürmekde bitiren işleri sanardan kän, olar hakynda söz açmak hemişe-de ýakymlydyr.Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kämillige ýetiren türkmeniň seýisçilik mekdebinde atlaryň döreýşi, bakylyşy, ösdürilip ýetişdirilişi, gylyk-häsiýetleri, ýaşyna görä seýislenişi, ýöreýiş görnüşleri, at keselleriniň bejerilişiniň usullary, bejerişde ulanylan dermanlardyr emleriň atlary, taýýarlanyşy we atçylygyň beýleki inçe tilsimleri ýaly mowzuklaryň ählisi jemlenendir.
Seýisçilik käri irginsiz zähmeti, aladany, synçylygy, duýgurlygy, ýiti zehini we inçeligi talap edýär.Ata-babalarymyz “Aty at edýänçä, eýesi it bolar” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar.Halypa-şägirt ýolunyň hem-de arassa ahalteke tohumynyň has-da kämil görnüşde häzirki günlerimize gelip ýetmeginde uly yhlas eden, hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet aganyň dogany, belli atşynas, seýis Aba Annaýewiň uly goşandynyň bolandygy hakynda ençeme taryhy maglumatlar bar.Mähriban Arkadagymyzyň ýiti galamynyň astyndan çykan “Döwlet guşy” romanynda mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem ahalteke bedewlerine aýratyn üns berendigini görmek bolýar.
Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize söýgüsini öz ata-babalaryndan alyp gaýdýandygyny görkezýär.Bu halypa-şägirtlik ýoluny Gahryman Arkadagymyzyň özi hem kemsiz dowam etdirýär.Munuň şeýledigine hormatly Arkadagymyzyň öz agtygy Kerimgula ata-babalaryndan miras galan at çapylyş usullarynyň inçe tilsimlerini ýörite öwredýändigini göreniňde, anyk göz ýetirmek bolýar.
Milli Liderimiziň özüniň hem asly behişdi bolan, ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerine ussatlyk bilen erk etmegi başarmagy, olara goýýan sarpasynyň we söýgüsiniň çäksizdigini görkezýär.At waspy türkmeniň ähli döwürlerinde-de öz beýanyny tapypdyr.
Tebigy gözelligi, owadanlygy özüne siňdirip bilen bedewlerimiziň ajaýyp türkmen topragynda ösüp ýetişmeginde, müň öwüşginli türkmen tebigatynyň gujagynda kemal tapmagynda uly many bar.Türkmeniň tylla güneşli sährasy, jana şypaly mahmal howasy, dürli ösümlikleriň melhemlik güýji, durnagöz çeşme suwy bedewlerimiziň keşbiniň zynatlanmagyna getiripdir.Ata-babalarymyz behişdi bedewlere bolan söýgüsini, hormatyny ajaýyp nakyllaryň üsti bilen beýan edipdirler. “At ady bilen, ýigit ody bilen”, “At aýagy gitgir, ozan dili ötgür”, “At dosty ata dosty”, “At ýigidiň diregi, haly gyzyň ýüregi”, “Atlynyňky alynda, düýeliňki töründe” ýaly onlarça parasatly pähimler söz mirasymyzyň dürdäneleridir.
Bu dürdäne pähimleriň ösüp gelýän ýaş nesilleriň aňynda milli gymmatlyklarymyza bolan synmaz söýginiň kemal tapmagynda diýseň uly ähmiýeti bardyr.Eziz Diýarymyz dal bedewleri bilen dünýäniň ünsüni has-da özüne çekýär.
Ata Watanymyza döwlet sapary bilen gelýän belent mertebeli myhmanlar atly ýigitleriň hatary bilen garşylanýar.Myhmanlar ýurdumyzda bolmagynyň çäginde ahalteke atçylyk toplumlarynda bolup görmegi uly dereje bilýärler. Ýurdumyzda atlarymyza bagyşlanyp, yzygiderli geçirilýän gözellik bäsleşikleri-de, halkara maslahatlary-da milli Liderimiziň bedew atlarymyza goýýan uly sarpasyndan nyşandyr.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2010-njy ýylyň awgust aýynda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy esaslandyryldy we Arkadag Prezidentimiz şol assosiasiýanyň Prezidentligine saýlandy.Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk toplumlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi-de, halypa atşynaslara hormatly atlaryň dakylýanlygy-da döwletimizde atçylygy ösdürmäge aýratyn uly üns berilýändigini görkezýär.Türkmeniň bedew atyna bolan uly söýgüsini, çäksiz yhlasyny biz Gahryman Arkadagymyzyň hut özünde görýäris. “Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplary öz halkyna sowgat beren hormatly Prezidentimize il-halkymyzyň hoşallygy çäksizdir.Milli Liderimiz atçylyk sportuny ösdürmek babatda uly tagallalary edýär.
At münmek, atçylyk sportuny ösdürmek — sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewi bolup, ýaşlarda çalasynlygy, dogumlylygy, edermenligi terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr.Atçylyk sportunyň ösmegi, kämilleşmegi ýaşlarda terbiýäniň beden, ahlak, zähmet, akyl, estetiki terbiýe ýaly görnüşlerini kämilleşdirmäge uly ýardam berýär.Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.
Yklymyň iri sport ýaryşynyň maksatnamasyna hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça atlaryň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň girizilmegi ýurdumyzda atly sporty ösdürmäge uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.Hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzy dikeltmekde alyp barýan beýik işlerine halkymyz çäksiz alkyş aýdýar. Ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgäniň esasynda bitirilýän işler biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar.
Bu işler berkarar ýurdumyzyň bedew badyna bat goşýar.Şeýle döwletli işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk hem uly rowaçlyklara beslensin!