Türkmenistan AFK-nyň klublaýyn reýtinginde 19-njy orny eýeleýär

Türkmenistan AFK-nyň klublaýyn reýtinginde 19-njy orny eýeleýär

Aziýa Futbol konfederasiýasy 2023/2024-nji ýyllaryň möwsüminiň jemleri boýunça ýurtlaryň täzelenen klublaýyn reýtingini yglan etdi. Bu sanawda Türkmenistan 20,2 utuk bilen AFK-nyň 47 agzasynyň arasynda 19-njy orny eýeledi.

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Gyrgyzystandan (27-nji orun, 15,5 utuk) ýokarda, Täjigistandan (18-nji orun, 22,5 utuk) we Özbegistandan (9-njy orun, 47,3 utuk) bolsa aşakda ýerleşipdir.

Sanawy iň ýokary basgançagyna Saud Arabystany (103,1 utuk), ikinji orna bolsa Ýaponiýa (97 utuk) ornaşypdyr. Koreýa Respublikasy bolsa 93,6 utuk bilen güýçli üçlügi jemleýär.

2024/2025-nji ýyllaryň möwsüminden başlap, AFK-nyň guramagyndaky klublaryň arasyndaky ýaryşlar üýtgedilip, olar: Elita çempionlar ligasy, Çempionlar ligasy 2 hem-de Çagyryş ligasy diýlip atlandyrylar.

Klublaýyn reýtingde 19-njy ýeri eýelän Türkmenistandan yklym derejesindäki ýaryşlara 2 topar gatnaşar.

Žurnalist Alişer Nikimbaýewiň Futbolium telegram kanalynda ýazmagyna görä, Türkmenistanyň çempiony Arkadag topary Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk berýän 2 sany ýollanma ugrunda Hindistanyň, Bahreýniň hem-de Kuweýtiň toparlary bilen göreş alyp barar. Ýurduň Kubogynyň finalçysy Ahal bolsa gönüden-göni Çagyryş ligasynda toparçalaýyn tapgyrda çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmen toparlarynyň bäşisine AFK-nyň ygryýarnamalary berildi
Türkmen toparlary AFK-nyň täze ýaryşlaryndan näçe pul gazanar?
7-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Süleýman Muhadow Alaýyň düzüminde ilkinji resmi duşuşygyna çykdy
6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
AÇL ― 2: Altyn asyryň saýlama tapgyrdaky garşydaşy belli boldy