Adam hukuklary baradaky Türkmen inisiatiwasy okyjylaryna soňky üç aýda adam hukuklary babatyndaky esasy wakalara we tendensiýlara gysgaça analitiki synyny hödürleýär.
2017-nji ýylyň fewralynda “Freedom House” Halkara hukuk goraýjy guramasy dünýäniň ähli ýurtlaryndaky syýasy we raýat azatlyklarynyň derejesini görkezýän dünýä kartasyny çap etdi.
Türkmenistan bu reýtingde 3 ball alyp, aşakdan 5-nji orny eýeledi, ýagny diňe Siriýadan, Tibetden, Eritreaýadan we Demirgazyk Koreýadan öňe geçdi.Türkmenistanda 2016-2020-nji ýyllarda adam hukuklary boýunça milli hereket planynyň durmuşa geçirilişi
Ýanwarda Türkmenistanyň hökümetiniň adam hukuklary boýunça hereket planyny kabul edenine bir ýyl boldy.Emma planda bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeli möhletiniň we olaryň durmuşa geçirilmegi üçin jogapkär adamlaryň görkezilendigine garamazdan, şu günki günde planyň diňe kanunçylyk inisiatiwalaryna degişli punktlary ýerine ýetirildi, ýagny “Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakyndaky”, “Türkmenistanyň ýustisiýa organlary hakyndaky”, Zähmet kodeksindäki, sosial goraglylykdaky üýtgeşmeler hakynda, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” we beýleki kanunlar kabul edildi.
Planyň durmuşa geçirilmeginiň birinji ýylynda planyň möhüm punktlary boýunça anyk çäreleriň görülmändigini bellemek gerek, ol möhüm punktlar şulardan ybarat:
BMG-nyň ýörite hasabatçylarynyň çagyrylmagyny gurnamak, ýörite hasabatçylaryň saparlarynyň programmasyny işläp düzmek. Bularyň ýerine ýetirilmeli wagty -2016 2017 ýý.
Azatlykdan mahrum edilenleriň saklanylýan ýerlerine monitoring geçirmek we geçirilen derňewleriň netijelerini çap etmek, ýerine ýetirilmeli wagty 2016 2020 ýý.
Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň, şol sanda gyzlaryň terbiýelenýän koloniýalarynda monitoring geçirmek, ýerine ýetirilmeli wagty -2016 2020 ýý.
Isleg bildirýänleriň ählisini dürli maglumat çeşmelerini ulanmak, şol sanda Internet elýeterliligi mümkinçiligi bilen üpjün etmek, ýerine ýetirilmeli wagty 2016 2020 ýý.
Bikanun kararlardan şikaýat etmek.
Şu günki Türkmenistanda şeýle ýagdaý döredi, ýerli häkimiýetler halkara şertnamalaryna we ýurduň Konstitusiýasyna ters gelýän kararlary we buýruklary çykarýarlar (mysal üçin, prezident Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň 13-nji fewralyndaky ýakasy gaýyşly’ №14606 belgili karary, onda Aşgabatda diňe paýtagta ýazgysy, propiskasy bolan adamlar işe ýerleşip bilýär). Ýöne ýurtda bu hili eden-etdilikli kararlaryň üstünden şikaýat etmek, olara garşy çykmak mehanizmi işlenip düzülmändir.
Bu problema ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary býurosynyň ýurduň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyna beren ekspert bahasynda gozgaldy.Konstitusiýada Mejlisiň döwlet häkimiýetiniň organlarynyň normatiw hukuk aktlarynyň Konstitusiýa gabat gelip gelmeýändigini kesgileýändigi” aýdylýar (81-nji madda, 10-njy punkt). “Düşnüksiz, bu ýurduň prezidenti ýa-da Ministrler kabineti tarapyndan çykarylýan ýa kabul edilýän kararlara we buýruklara hem degişlimi?
diýip, ÝHHG-nyň ekspertleri ýazýar.Bu problemanyň çözülmegi Konstitusion suduň döredilmegine ýardam ederdi, bu bolsa öz gezeginde “degişli ýurtda kanunyň hökmürowanlygy ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegine” kömek ederdi.
Türkmenistanda Konstitusiýa sudy döredilmedi.
Aýallaryň hukuklary.
2015-nji ýylyň awgustynda ýurtda “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklaryny we deň mümkinçiliklerini üpjün etmek baradaky döwlet kepillikleri hakynda” kanun kabul edildi. Resmi ýagdaýda ýurtda aýallar jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.
Şeýlelikde, Türkmenistanda birnäçe aýallar guramalary “Işewür aýallaryň merkezi”, “Alym aýallaryň kluby”, umumybilim berýän orta mekdeplerde okaýan gyzlaryň klublary we beýlekiler bar. Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, “Aýallar birleşiginiň inisiatiwalary boýunça “Ýylyň zenany”, “Sagdyn maşgala” diýen ýaly jemgyýetçilik ähmiýetli taslamalar, bäsleşikler, köp sanly döredijilik ýaryşlary geçirilýär.
Aýallar guramalary gender hukuklary boýunça halkara seminarlaryna, şol sanda BMG-nyň Türkmenistanda guraýan çärelerine hem gatnaşýarlar.
Hakykat ýüzünde gürrüň GONGO-lar, hökümetden aýry bolmadyk, aýallaryň aktual problemalaryna we olaryň hukuklaryny goramaga galtaşygy bolmadyk jemgyýetçilik guramalary barada barýar. Ýagny aýallar býujet edarlarynyň işägrleri özlerini tölegsiz ýowarlara, köpçülikleýin baýramçylyk çärelerine we dabaralara, pagta ýygymyna gatnaşdyrylmakdan gorap bilmeýärler.
Býujet edaralarynda işleýän aýallar köplenç, “ýokardan berilýän buýruklar’ esasynda, öz şahsy pullaryndan döwletiň dürli zerurulyklary üçin pul tölemeli bolýarlar.Aýdaly, 2017-nji ýylyň fewralynda döwlet edaralarynda işleýänleriň aglabasy Türkmenistanyň Milli Gyzylýarymaý jemgyýeti üçin her aýda 15 manatdan ($4,30) töleg tölemäge borçly edildi.
“Türkmenleşdirme” prosesi aýallary hemişe diýen ýaly türkmen milli eşiklerini geýmäge borçly hala saldy (olar bu eşikleri hatda türkmen milletinden bolmasalar-da geýmeli bolýarlar).
Hökümet ýaş gyzlaryň “ahlak keşbi” barada aladalanyp, student gyzlaryň hukuklaryny eden-etdilikli çäklendirýär we “gulak asylmadyk” ýagdaýynda olary okuw jaýyndan çykarmak haýbaty bilen gorkuzýar. Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň maglumatyna görä, student gyzlara awtoulag sürmek gadagan edilýär. Şeýle-de olar dynç günleri ýörite “rugsat” almazdan, umumy ýaşaýyş jaýyndan başga ýere gidip bilmeýär.
2017-nji ýylyň ýanwarynda ýene bir gadaganlygyň girizilendigi belli boldy okuw jaýlary student gyzlaryň ýurt boýunça takside we beýleki gury ýer transportlarynda ondan-oňa gitmegini gadagan edýär.
Studentler, ilkinji nobatda hem student gyzlar kanikul mahalynda ene-atalarynyka giden wagtlary diňe howa transport gatnawyndan peýdalanmaga borçly edildi. ÝOJ-laryň ýolbaşçylary student gyzlaryň kanikuldan soň dekanatlara uçar biletlerini, “ýurduň başga regionlaryna edilen sapary tassyklaýan” subutnamany görkezmelidiklerini hem duýdurdy.
Aýallaryň deň hukuklylygy barada gürrüň edilende, hökümetiň Türkmenistanyň paýtagtynda aýallara çilim, temmäki önümlerini satmagy eden-etdilikli gadagan etmegini aýratyn bellemek zerur. Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenbaşy şäherinde aýallar çilim satyn alanlarynda temmäkä garaşlydyklary barada medisina sprawkasyny görkezmeli edilidi.
Ýurtda emele gelen şertlerde parahatçylykly miting geçirmek hukugyny ulanmak ýa durmuşa geçirmek mümkinçiligi iş ýüzünde düýpden ýok.Bir zamanlar häkimiýetleriň eden-etdilikli hereketlerine garaşylmadyk ýerden proteste çykan aktiw ilaty şeýle gorkuzdylar we soňky ýyllarda bu hili protest aksiýalary düýpden diýen ýaly bes edildi.
Emma 2017-nji ýylyň 21-nji fewralynda Aşgabadyň 8-nji mart diýilýän ýerinde jaýlaryň ýykylmagyna garşy bir topar aýal protest bildirdi.
Bu aksiýa hiç bir jemgyýetçilik guramasyny dahylly bolmadyk 40-a golaý aýal gatnaşdy.Aýallar Pograniçnaýa (Serhetçiler) we Fizkulturnaýa (Bedenterbiýe) köçeleriniň çatrygynda toplandylar.Aksiýa gatnaşyjylar häkimiýet wekillerine özlerine ýykylan jaýlaryna derek ýeterlik derejede ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegi baradaky talap arzalaryny gowşurmaga synandylar.
Birleşmek azatlygy. Dine ynanmak azatlygy
Türkmenistanyň raýatlary AHTI-niň üsti bilen TILA-nyň ýuristlerine özleriniň dine uýmak azatlygy hukuklarynyň bozulmagy baradaky meseleler boýunça ýüz tutdular. Okyjylaryň hatlarynda sanalýan problemalaryň arasyndan şulary saýalamak mümkin:
• Musulman erkeklere sakgal goýbermek gadagan edilýär.häkimiýet wekilleri sakgal goýberen adamlara jerime salýarlar ýa-da olary sakgallaryny syrmaga mejbur edýärler. • Mekdeplerde we uniwersitetlerde hijab (saçlary we boýny ýapýan ýaglyk) geýmegi gadagan edýärler. • Pasport we beýleki dokumentler üçin erkekleriň sakgally, aýallaryň başlary hijably/ýaglykly düşen suratlaryny kabul etmeýärler. • Kurany we arap ýa pars dilinde çap edilen beýleki islendik yslam mazmunly kitaby konfiskasiýa edýärler. • Metjitleriň, kä halatda hususy eýeçilige degişli bolan, ýykylmagy.
TILA-nyň ýuristleriniň ekspert bahasyna laýyklykda, häkimiýetleriň ýokarda sanalan hereketleri Türkmenistanyň içerki kanunçylygyna ters gelýär, ýagny ony bozýar.
Pikir aýtmak azatlygy
Prezident Berdimuhamedow 2017-nji ýylda ileri tutulýan wezipeler barada eden çykyşynda “telerediokanallarda berilýän, ýurtdaky pozitiw özgerişlikleri şöhlelendirýän we gazanylan üstünlikleri wagyz edýän habar materiallarynyň we gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilmegine” çagyrdy.
Prezident hakykatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň propaganda maksatlary üçin işlmelidigini ýene bir gezek tassyklady we KHBS-niň üstünden kontrollyk hem-de senzura edilmegine resmi görkezme berdi.Beýle şertlerde garaşsyz KHBS-leriniň işlemegi mümkin däl.
Internet elýeterliligi.
Hökümet hemişe ýurtda täze tehnologiýalryň ornaşdyrylýandygy we internet elýeterliliginiň giňeldilýändigi barada habar berip durýar.Döwlet eýeçiligindäki habar agentlikleri bu barada diňe 2017-nji ýylyň fewralynda iki gezek resmi habar berdiler. “Neýtralny Türkmenistan” gazeti 2017-nji ýylyň fewral aýynyň başynda Ahal we balkan welaýatlatlarynyň gyrak-çetdäki obalaryndaky ýaşaýjylaryň hem, hemra alyp geçirijilerine birikdirilmegi netijesinde, internetden peýdalanyp biljekdiklerini habar berdi.
“Туркменистан сегодня” habar agentligi 28-nji fewralda 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçiriljek Azia oýunlarynyň açylamagyna gabat, Olimpia şäherçesinde we Aşgabadyň beýleki etraplarynda ýokary hili internet aragatnaşygynyň üpjün ediljekdigini, munuň internetiň daşarky kanalynyň tizligini ýokarlandyrmak arkaly mümkin boljakdygyny habar berdi.
Durnukly öýjükli aragatnaşygyň üpjün edilmegi üçin Olimpia şäherçesiniň territoriýasynda we paýtagtyň beýleki etraplarynda goşmaça,2G (GSM), 3G (UMTS) ölçeglerindäki 90 sany esaslaýyn stansiýa oturdylar.Hakykatda bolsa, internete baglanmak hatda paýtagtyň ýaşaýjylary üçin hem problema bolmagynda galýar.
Türkmenistanda internete bolan isleg, talap bar, emma bu ugurdaky hyzmatlar örän çäklendirilen bolmagynda galýar.Birikmek tizligi pesligine galýar, bahalar gymmat, köp resurslar baglanýar.Internete baglanmak tölegleri bilen bagly prosesde bolsa aýratyn çylşyrymly ýagdaýlar ýüze çykýar.
Häkimiýetler, saýtlary we sosial ulgamlary petiklemek arkaly, internet üsti bilen garaşsyz habar çeşmelerine aralaşmagyň ýoluny baglamagy dowam etdirýärler. Hukuk gorýajylar we garaşsyz habar beriş serişdeleri 2016-njy ýylyň güýzünden bäri internet ulanyjylaryň, “islenilmeýän” saýtlara girýän we Türkmenistanky ýagdaýlar barada negatiw kommentariýalary ýazýan raýatlaryň yzarlanmagy we gorkuzylmagy bilen bagly problemalara ünsi çekýärler.
• TAH-yň 2016-njy ýylyň 7-nji oktýabryndaky maglumatlaryna görä, Aşgabatda Galina Wertýakowa (1954-nji ýylda doglan) tussag edildi.Wertýakowa “Odnoklassniki” sosial ulgamynda ýerli ýolbaşçylaryň käbir kararlary hakynda negatiw kommentariýa galdyrdy.
Wertýakowa garşy öý uprawleniýesiniň başlygynyň arzasy esasynda toslanan gorkuzyp zat alma baradaky jenaýat işini açdylar.Wertýakowanyň Russiýada ýaşaýan oglunyň sözlerine görä, onuň maşgalasyna bu aýalyň sosial ulgamlarda galdyran kommentariýalary üçin tussag edilendigini näresmi ýagdaýda habar berdiler.
Sud Wertýakowany 2 ýyl azatlykdan mahrum etmek hökümini çykardy. 2016-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Wertýakowanyň günäsi geçildi.Emma oňa Türkmenistanyň çäginden çykmak gadagan edildi.
Ýurtda garaşsyz žurnalistleri we aktiwistleri yzarlamak dowam etdirilýär.Bu hili ýagdaýda Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň we onuň ejesi Gurbantäç Arazmädowanyň tussagdan boşadylmagy aýratyn möhüm waka bolup durýar.
Olar 2016-njy ýylyň 3-nji dekabrynda tussag edilipdi.Azatlyk radiosynyň maglumatyna görä, habarçy we onuň ejesi 2017-nji ýylyň 15-nji fewralynda, sud olara “nas saklandyklary üçin” diýip, 3,5 ýyl şertli türme tussaglygy hökümini çykaranyndan soň boşadyldy. Žurnalist we onuň ejesi häzirki wagtda Köneürgenç şäherindäki öýlerinde, polisiýanyň gözegçiligi astynda ýaşaýar.
Olara ol ýa-da beýleki görnüşdäki aragatnaşyk serişdelerini ulanmak gadagan edilipdir.
Syýasy tussaglar
Berdimuhamedow prezidentlige gaýtadan saýlanandan birnäçe gün soň 828 tussagyň günäsini geçdi.Emma günäsi geçilenleriň arasynda ozalky prezident S.Nyýazowyň janyna kast ediş synanayşygy diýilýän bilen baglanyşykly tussag edilen we türmede hiç kime görkezilmän saklanylýan adamlaryň biri-de ýok. “Olary diri görkeziň!” atly hukuk goraýjy kampaniýanyň maglumatlaryna görä, şu günki günde Türkmenistanyň türmelerinde 2000-nji ýyllaryň başynda tussag edilen 80-e golaý adam dereksiz ýitdi.
• 13-nji ýanwarda şeýle tussaglaryň biriniň Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň ozalky serkerdebaşysy, öňki general TirkişTyrmyýewiň (1951-nji ýylda doglan) türmede ýogalandygy belli boldy.Onuň gyzy Gulýa feýsbukda Tyrmyýewiň jesediniň maşgalasyna berlendigini habar berdi.
Emma soň bu habar ulgamlardan ýitirim boldy.Habar berilmegine görä, Tyrmyýew 2002-nji ýylda 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. 2012-nji ýylda onuň türme möhleti uzaldylypdyr.Tyrmyýew 15 ýyllap türmede saklanan döwründe maşgalasy bilen diňe bir gezek, 2002-nji ýylda görşüpdir. Şondan bäri maşgalasynyň ýyl kesilen general bilen hiç bir aragatnaşygy bolmandyr.
2016-njy ýylyň 26-njy dekabrynda, ÝHHG-nyň Hemişelik geňeşiniň 1129-nji mejlisinde üç ýurduň Kanadanyň, Şweýsariýanyň we Islandiýanyň adyndan şweçsar wekili çykyş edip, Tyrmyýewiň ölümi baradaky habar bilen baglylykda alada bildirdi. “Biz Türkmenistanyň häkimiýetlerini tussag Tyrmyýewiň nähili ýagdaýda ýogalandygyny gyssagly, hemmetaraplaýyn derňemäge çagyrýarys” diýip, Şweýsariýanyň wekili aýtdy. “Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanda onlarça adamyň zorlukly ýitirim bolmagyna aladamyzy bildirýäris” diýip, ol sözüniňň üstüni ýetirdi.
ÝHHG-nyň mejlisinde türkmen türmelerinde tussaglaryň saklanyş şertleriniň ýaramazdygy barada hem mesele gozgaldy.
Türkmenistanyň türmelerindäki ýagdaý
Türkmenistanyň henize-bu güne çenli adam hukuklary boýunça Planyň azatlyksdan mahrum edilenleriň saklanýan ýerlerine degişli punktlaryny (Adam hukuklary boýunça Hereket planynyň durmuşa geçirilmegi baradaky bölüme seret) durmuşa geçirmäge başlamandygyna garamazdan, käbir oňyn tendesiýalaryň göze ilendigini bellemek mümkin.
Aýdaly, 2016-njy ýylyň dekabrynda Ýewropa Bileleşiginiň, ÝHHG-nyň we BMG-nyň wekilleri Türkmenistanda kämillik ýaşyna ýetmedik tussaglaryň saklanylýan düzediş edaralaryna goýberildi.
TILA-nyň maglumatyna görä, soňky ýyllarda Türkmenistanyň hňkümeti penitensiar sistemasynyň köne binalarynyň birnäçesini gaýtadan gurdy we bu ýagdaý tussaglaryň käbir bölekleriniň saklanyş şertleriniň gowulanmagyna getirdi.Aýdaly, Daşoguz welaýatyndaky aýallar koloniýasynyň DZ-K/8-iň şertleri azda-kände halkara ölçegleriniň talaplaryna golaýladyldy.
Kolonýada göwreli aýllara seretmek üçin ýörite ýerler döredildi.Eneler we çagalar üçin ýöriteleşdirilen zonada eneleri çaglary bilen üç ýaşaýança bile ýaşamagyna şeret döredýän aýratyn korpus işleýär.
Beýleki türmelede ýagdaý elhençligine galýar. Türkmenistanyň tussaghanalarynda häzirki wagtda 29890 bendi saklanylýar. Bar bolan türmeler beýle kän möçberdäki adama niýetlenen däl. Türmelerde inçekesel bilen keselleýän örän kän, munuň sebäpleri şulardan ybarat
1. Türmeleriň hyryn-dykynlygy (türmelerde ol ýere ýerleşjek adamlardan üç esse kän tussag saklanylýar).2. Kesellän tussaglary wagtynda sagat tussaglardan üzňeleşdirilmezligi 3. Tussaglaryň naharynyň ýokumsyzlygy4. Sistemanyň sanitar edarlarynda saglyk işgärleriniň we dermanlaryň ýetmezçiligi 5. Sistemanyň korrumpirlenmegi. Tussaglar özleri üçin mugt bolmaly dermanlar üçin töleg tölemäge mejbur bolýarlar.
TILA-nyň maglumatlaryna görä, LTP (bejeriş-zähmet profilaktoriýasy) görnüşindäki ýarym ýapyk düzediş edaralaryndaky ýagdaý hem alada döredýär. LTP-lere köplenç sudlaryň kararlary esasynda arakhor ýa neşekeş adamlar iberilýär. Bu hili edalarda adamlaryň saklanyş şertleri käbir türmelerdäkiden hem ýaramaz. LTP-de jeza çekýän adamlary hak tölemezden iň bir agyr işleri ýerine ýetirmäge mejbur edýärler.
• 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Tejen şäherindäki LTP-niň jaýynda gije ýangyn turdy. Ýangyn netijesinde bu edaranyň jaýy doly ýanyp gutardy. Ýangynda ol ýerde saklanylýan tussaglaryň 6-sy heläk boldy.
Häkimiýetler bu waka baradaky maglumatlary bassyr-ýussur etdiler.Galan tussaglar (160 adam) Tejen şäherindäki koloniýa geçirildi (bu kanunyň bozulmagy bolýar, sebäbi LTP-lerde saklanýan tussaglar türme edaralaryna diňe suduň karary esasynda, jeza berilmeli jeneýatçylyk hereketini edendigi üçin geçirilip bilinýär).
Bir aýdan soň ol tussaglar Lebap welaýtynyň Gowurdak LTP-sine geçirildi.Kanun goraýjy organlar degişli derejede derňew geçirmediler, netijede 6 adamyň ölümine jogapkär gullukçylar jezalandyrylmady.Häzirki wagtda Tejendäki LTP-niň binasy dikeldildi we ol ozalky düzgüninde işleýär.
Hukuk goraýjylaryň hasabatlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň türmelerinde we deslapky tussaghanalarynda, boýun alyp görkezmelerini berdirmek üçin, adamlary gynamak we olara ýowuz daramak praktikasy dowam etdirilýär.Forum-18 guramasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň türmelerinde dini ynançlary esaynda yzarlanýan adamlar yzygiderli gynaga sezewar edilýär.
Bu kategoriýadaky tussaglary hatda diňe türme metjidine barmak isländigi üçin hem gazaply gynap we horlap bilýärler.
Ozalky tussaglaryň gürrüň bermeklerine görä, tussaghanalarda “wahhabitler” (türme naçalnikleri yslam dinine “aşa berlen” hasaplanyp ýyl kesilen adamlary şeýle atlandyrýarlar) hökmünde sud edilenler aýratyn ýowuz daraşmalara we gazaply gynamalara sezewar edilýärler.
Bu kategoriýadaky tussaglaryň köpüsi berk düzgünli, Garagum çölünde ýerleşýän (Aşgabatdan 70 km demirgazykda) “Owadandepe” türmesinde, aýratyn zonada saklanylýar.Syýasy tussaglar hem şu türmede saklanylaýr. “Wahhabitlere” hem, syýasy tussagalara bolşy ýaly, garyndaşlar bilen görüşmek we daşarky dünýä bilen habarlaşmak, hat alyşmak gadagan.