Türkmenistanyň wekiliýeti 2 20-nji dekabr aralygynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň guramagynda geçirilýän “International Visitor Leadership Program” (IVLP) atly maksatnamasyna gatnaşýar. “Ýokary okuw mekdepleriniň dolandyrylyşy: hyzmatdaşlyk we täjirçilik” atly okuw möwsüminiň çäklerinde Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri ABŞ-nyň birnäçe bilim we ylmy edaralaryna baryp görerler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Wekiliýetiň düzüminde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Milli bilim institutynyň wekilleri bar.
Çäräniň açylyş dabarasy Waşington şäheriniň Halkara bilim institutynda geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar maksatnamanyň düzümi bilen tanşyp, islege görä ony üýtgetmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, Amerikan uniwersitetiniň professory Diana Loýental ABŞ-nyň federal ulgamyna bagyşlanan brifing geçirdi. Ol wekiliýet agzalaryna ýurduň döwlet dolandyryş ulgamy barada bilimlerini çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Gatnaşyjylara uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmäge we ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge ýardam edýän “IVLP” maksatnamasy özara alyş-çalşyň möhüm guraly bolup hyzmat edýär.