Şu gün, 21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuard hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşyga öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň, hususan-da “S2 Global/Rapiscan”, “Visa”, “Westport Trading Ltd” we “Boeing” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, Türkmenistanyň daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen maýa goýum, tehnologiki we maliýe häsiýetli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge Türkmenistanyň Hökümetiniň ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Senagat, nebiti gaýtadan işleýiş, ulag, oba we suw hojalygy hem-de beýleki ulgamlarda söwda we maýa goýum gatnaşyklary ösdürmek babatda türkmen tarapynyň gyzyklanmalary beýan edildi.
Taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretdiler, şeýle-de hünärmenler derejesinde yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň ähmiýetini nygtadylar.