Türkmenistan “A” toparçada

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde sabyrsyzlyk bilen garaşylýan ýaryşlaryň biri bolan futzal sportunda ýer eýeleri Türkmenistan “A” toparçasyna degişli bolup, Wýetnamyň, Hytaý Taýpeýiniň, Gonkongyň we Solomon adalarynyň toparlary bilen oýnar.V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň edara binasynda Aziýanyň futbol federasiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagy bilen geçirilen bije çekiliş çäresiniň netijesine görä, zenanlaryň arasyndaky ýaryşda ýer eýeleri başlangyç toparlaýyn tapgyrda Tailandyň we Palestinanyň ýygyndy toparlaryna garşy çykyş ederler.Erkekleriň arasyndaky ýaryşa gatnaşýan 18 ýurduň toparlary 4 ýygyndy topardan ybarat bolan 2 toparça we 5 ýygyndy topardan ybarat bolan 2 toparça bölündiler.

Her toparda iň ýokary netije görkezen toparlar çärýek finalda çykyş etmäge hukuk gazanarlar. Çärýek final tapgyrynyň 4 sany ýeňijileri ýarym final tapgyryna geçerler. Ýaryşyň şu tapgyrynda ýeňiş gazananlar bolsa, altyn we kümüş medal üçin final tapgyrynda çykyş ederler. Ýarym finalda ýeňlen toparlar bolsa, bürünç medal üçin öz arasynda duşuşarlar.Erkekleriň arasynda saýlap-seçmek hereketi toparlaryň 2016-njy ýylda Özbegistanda geçirilen Aziýa çempionatynda görkezen netijelerine görä geçirildi. “B” toparçasynyň düzümine şu aşakdaky toparlar girýär: Özbegistan, Hytaý, Owganystan, Birleşen Arap Emirlikleri we Maldiwler. “C” toparçasy Tailanddan, Ýaponiýadan, Liwandan we Indoneziýadan ybaratdyr. “D” toparçasyna şu ýygyndy toparlar girýär: Eýran, Gyrgyz Respublikasy, Iordaniýa we Taiti.Zenanlaryň arasyndaky ýaryşa gatnaşýan 9 ýurduň toparlary 3 ýygyndy topardan ybarat bolan 3 toparça bölündiler.

Her topardan iň ýokary netije görkezen iki ýygyndy topar ýarym finalda çykyş etmäge hukuk gazanarlar. Ýarym finalyň ýeňijileri öz arasynda altyn we kümüş medal üçin ýaryşarlar. Ýeňlen iki toparyň arasynda bürünç medal üçin oýun oýnalar.Zenanlaryň arasynda saýlap-seçmek hereketi toparlaryň 2015-nji ýylda Malaýziýada geçirilen zenanlaryň arasynda Aziýanyň çempionatynda görkezen netijelerine görä geçirildi. “B” toparçasy Eýranyň, Gonkongyň we Indoneziýanyň toparlaryndan, “C” toparçasy bolsa, Ýaponiýanyň, Hytaýyň we Wýetnamyň toparlaryndan ybaratdyr.Bije çekiliş dabarasy “Aşgabat 2017”-niň baş ýerine ýetiriji müdiri Jeýms Bulleýiň gutlag sözi bilen başlady.

Soňra Oýunlaryň resmi şekili Wepaly hemme gatnaşyjylara Oýunlaryň resmi toparyny aýan etdi.Jenap Bulleýiň aýtmagyna görä, ajaýyp şäher Aşgabady şatlyk-şowhun gurşap aldy. Şu günki bije atmak çäresi bu şowhuny artdyrar we onuň bütin Türkmenistana ýaýramagyna ýardam berer.“Futzal indi aýyň iň garaşylýan sport ýaryşy diýip, doly ynamly aýdyp bilerin.

Aziýanyň futbol federasiýasynyň wekillerini bu ýaryşda hoş gördük!Biz bilelikde ählimiz üçin ýatdan çykmajak ýatlamalaryň birine öwrüljek futzal boýunça ýaryşy geçirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!” diýip, baş ýerine ýetiriji müdir sözüni jemledi.Bije atmak çäresinden soň, meýletinçiler, ýagny Ilkinji ýyldyzlar oýunçylary metbugat işgärleri bilen söhbetdeşlik geçmek üçin garyşyk zolagyna ugratdylar.Futzal boýunça ýaryş 1621-nji we 2426-njy sentýabr aralygynda Köpugurly sport toplumynda geçiriler.

Zenanlaryň arasynda final tapgyry 25-nji sentýabrda, erkekleriň arasynda bolsa, 26-njy sentýabrda bolar.

Ýene degişli makalalar

19.09.2017 | Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady
18.09.2017 | Milli ýygyndymyzyň hasabynda 62 medal bar: 29 altyn, 21 kümüş we 12 bürünç
18.08.2017 | “Aşgabat 2017” Oýunlaryna futzal boýunça bije atyldy
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023-däki garşydaşlaryny bildi