Türkmenistan 9 Maý Ýeňiş baýramyny rus propagandasynyň simwolikasy astynda belledi

Türkmenistan 9 Maý Ýeňiş baýramyny rus propagandasynyň simwolikasy astynda belledi

9-njy maýda Ikinji Jahan uruşynyň tamamlanmagynyň 79-njy ýyl dönüminde Moskwadaky harby parada gatnaşan Türkmenistanyň prezidenti döşüne rus ýolbaşçysynyňky ýaly georgiý lentasyny dakynyp çykdy. Şol gün türkmen paýtagtynda Orsýetiň harby-patriotik propagandasynyň bir bölegi bolan "Bessmertnyý polk" ("Ölmez-ýitmez goşun") atly ýöriş geçirildi.

Emma welaýatlarda georgiý lentasyny dakynan adamlara basyş edildi.Aşgabatly syýasy bilermenler türkmen režiminiň Ýeňiş baýramy baradaky gapma-garşylykly syýasaty barada pikir paýlaşdylar.

"Bessmertnyý polk" ýörişi Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebi tarapyndan geçirilen bolsa-da, ulular we çagalar portretleri göterip şäheriň köçelerinden geçdi. Sosial ulgamlarda peýda bolan wideolarda ýagyşly howada birnäçe ýüz adamyň - esasan çagalaryň suw üýşen köçeden geçip barýandygyny görmek mümkin.

Orsýetiň harby-patriotik propagandasynyň bir bölegi bolan "Bessmertnyý polk" ýörişini geçmişde geçiren käbir beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary şu ýyl bu aksiýany Orsýetiň Ukrainada alyp barýan urşunyň fonunda ýatyrdy.

Türkmen häkimiýetleri bir tarapdan bu aksiýany resmi taýdan geçirmeýär, başga bir tarapdan Orsýetiň ilçihanasynyň howandarlygyndaky türkmen-rus mekdebine rugsat berýär.

Aşgabatly syýasy bilermen Kümüş Baýryýewa türkmen häkimiýetleri özlerini bu taryhy wakadan daşlaşdyrýar, jemgyýeti hem ýatlamak mümkinçiliginden mahrum edýär diýip pikir edýär.

"Ölmez-ýitmez polk ýörişini türkmen-rus mekdebiniň diwarynyň aňrysynda geçirmek, häkimiýetleriň uruşda ölenleriň we weteranlaryň hatyrasyna hormat goýmakda we ýatlamakda türkmenler üçin ähli zady ret edýändigi görkezýär we bu däbi Orsýet bilen ilteşdirip, jemgyýetiň wepat bolan türkmenistanlylary ýatda saklamagy bilen baglanyşdyrmaýar" diýip, Baýryýewa aýdýar.

Bu aralykda prezident Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda Moskwada geçirlen harby parada gatnaşdy. Türkmen prezidentiniň 1941-1945-nji ýyllardaky Beýik watançylyk urşundaky yeňişiň 79 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak planlary barada türkmen metbugatynda habar berilmedi, muny Kremliň metbugat gullugy mälim etdi.

Türkmen prezidenti Orsýetde beýleki postsowet liderlerinden tapawutlylykda döşüne georgiý lentasyny dakynyp çykdy.

Georgiý lentalaryna ozalky sowet respublikalarynyň köpüsinde Russiýanyň agressiýasyny we imperialistik syýasatyny ýada salýan nyşan hökmünde garalýar.

Bu aralykda Türkmenistanyň içinde georgiý lentalary gadagan edildi. Türkmenabatda 9-njy maý baýramçylygyň şanyna döşüne georgiý lentasyny dakynanlar basyşa sezewar boldy.

Azatlygyň habarçylaryna görä, şäheriň merkezinde raýat eşigindäki erkek adamlar ýolda durup, döşünde georgiý lentasy bolanlary ýanyna gödek çagyryp, lentalary aýyrmagy talap edipdir. Şeýle ýagdaý Lebap welaýatynyň beýleki ýerlerinde hem bolup, 9-njy maý baýramçylygy mynasybetli georgiý lentasyny dakynan adamlar iş we okuw ýerleriniň administrasiýalary tarapyndan lentalary aýyrmaga mejbur edilipdir.

Lebaply ýaşuly mekdep mugallymy özüniň georgiý lentasyny uruşda wepat bolanlaryň hatyrasyna dakynandygyny düşündirdi: "Bu gün baýramçylyk, uruşda wepat bolanlaryň hatyrasyna, ýeňişiň hatyrasyna diýip lentany dakynyp işe bardym. Mekdebe giren badyma, müdiriň kabinetine çagyrdylar. 'Mugallym ýakasyndaky orsuň lentasyny aýyraýsaňyz, türkmençilige gelişýän zat däl' diýdi".

Türkmenabat şäheriniň bir ýaşaýjysy daňdan awtoulagly ýolda gidip barýarka polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy tarapyndan saklanyp, ulagynyň öň aýnaşynyň içinden ýapyşdyrylan georgiý lentasy we "Spasibo dedu za pobedu" ýagny "Ýeňiş üçin atam sag bolsun" diýlip orsça ýazylan ýazgysy üçin jerime tölemeli bolupdyr.

"Agam, munyň goşmaça enjama girýär, bolanok, bar-da jerimäňi töle" - diýip sürüji polisiýa işgärini sitirleýär.

Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşme georgiý lentasyny dakynmak gadaganlygy merkezden gelen resmi däl buýruga bagly diýýär: "Berdimuhamedow georgiý lentasyny rus basybalyjylaryň nyşany hökmünde kabul edýärmiş" diýip çeşme aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri Orsýetiň georgiý lentasy we "Bessmertnyý polk" ýörişi ýaly tejribeleri barada hiç wagtda resmi pozisiýasyny mälim etmändi.

Aşgabatly synçy Serdar Aýtakow Ýeňiş gününiň türkmen ýolbaşçylary üçin goşa manysy bar diýip pikir edýär.

"Ýeňiş güni türkmen häkimiýetleri üçin goşa many berýär.Aslynda, ol resmi derejede diňe ýatlama seneler kategoriýasyna geçirildi, dynç güni däl, bu häkimiýetleriň adaty raýat, umuman jemgyýet üçin ony bellemegi sözüň doly manysynda ret edendigini aňladýar, ýönekeý adamlar üçin bu adaty gündelik iş güni bolup galdy.

Beýleki tarapdan, häkimiýetler ýeňiş gününe gatnaşýandyklaryny görkezmeli, sebäbi bu Berdimuhamedow dinastiýasynyň guran kultynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, olara öz maşgalasynyň/urugynyň harby hereketlere we Ýeňişe gatnaşygyny görkezmäge mümkinçilik berýär.

Maşgalanyň ýazgylarynda häzirki prezidentiň garry atasy Berdimuhammet Annaýewiň Ikinji jahan urşuna gatnaşmagyndan başga hiç hili harby edermenlik ýok.Munuň özi Berdimuhamedowlaryň özüni alyp barşynyň ikiýüzlüligini görkezýär" diýip, Aýtakow aýdýar.

Türkmen döwleti şu ýyl aýatda diri galan sanlyja uruş weteranlaryny 200 manat pul sowgady bilen ýatlady. Türkmenistanlylar tarapyndan weteranlary kemsitmek hökmünde kabul edilen 200 manatlyk prezidentlik sowgady döwlet kursy boýunça 57 dollar, gara bazar kursy boýunça 10 dollar çemesi pula barabar bolýar. Türkmen ýolbaşçysy weteranlaryna birnäçe müň dollarlyk sowgat beren beýleki Merkezi Aziýa goňşularyndan ýene-de tapawutlandy.

Türkmen ýolbaşçylarynyň ýeňiş gününe garaýşy ýakyn geçmişde birnäçe gezek üýtgäpdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty "Beýik Watançylyk urşy" jümlesini 2018-nji ýylda bäş ýyl arakesmeden soň, gaýtadan ulanyp başlapdy. 2013-nji ýylda 5 ýylyň dowamynda bu sene türkmen metbugatynda diňe “1941-45-nji ýyllarda bolan uruş” diýlip agzalýardy.

2020-nji ýylda global pandemiýa döwründe Türkmenistan birden öz taryhynda ilkinji gezek 9-njy maý gününi harby parad bilen belledi.

Orsýetiň şu ýylky harby parady ýurduň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başlanan giňişleýin çozuşynyň fonunda, Moskwanyň global ýazgaryş we sanksiýalar sebäpli izolirlenen wagtynda geçirilýär. Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyndan soň, 9-njy maýda Gyzyl meýdançada bellenilýän Ýeňiş dabaralaryna gatnaşmak isleýän daşary ýurtly myhmanlar, görnükli adamlar görnetin azaldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
Arkadag şäherinde 4-lük belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy
Ekspertiň pikiri: Türkmen ykdysadyýetiniň "diagnozyny" bejerip bolarmy?
Türkmen "bagtyýarlygynyň" aýallara ýetýän bölejigi bilermeniň pikiri
“Häkimiýeti saklamak üçin”. Merkezi Aziýa ýurtlarynda saýlananlaryň hatyrasyna Konstitusiýany täzeden ýazmak