Türkmenistan 2025-de temmäkiden azat bolmagy meýýilleşdirýän wagty Lebapda çilimiň bahasy iki esse gymmatlady

Türkmenistan 2025-de temmäkiden azat bolmagy meýýilleşdirýän wagty Lebapda çilimiň bahasy iki esse gymmatlady

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki hususy eýeçilikdäki dükanlarda çilimiň bahasy iki esse gymmatlady. Bu waka "Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň" işlenilip taýýarlanylandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysynyň maglumatyna görä, şu hepdäniň başynda çilimiň we temmäki önümleriniň bahasy iki esse ýokarlandy.

"Türkmenabadyň hususy eýeçilikdäki dükanlarynda bir gutusy 55 manatdan satylan çilimleriň bahasy 100 manada gymmatlady. Ýokary hilli çilimleriň bir gutusynyň bahasy bolsa, 150 manada çenli ýokarlandy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran dükan eýeleriniň biri 24-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz welaýatda öndürilýän, ilat arasynda "Türkmençilim" diýlip atlandyrylýan çilimleriň hem gymmatlandygyny aýdýar. Bir dänesi 1 manatdan satylan bu çilimleriň bahasy 2 manada ýokarlandy.

Onuň sözlerine görä, bu gymmatlama "Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň" işlenilip taýýarlanylandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Habarçymyzyň gürrüňini edýän bu maksatnamasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary 18-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hödürlendi.

Döwlet baştutany degişli karary taýýarlamak barada hödürlenilen teklibi makullady diýlip, TDH-nyň maglumatynda maksatnamanyň beýlekiler bilen bir hatarda, temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge gönükdirilendigi bellenilýär.

Şeýle hem onda temmäkiniň ulanylmagyny bes etdirmäge we nikotine baglylygy bejermäge gönükdirilen lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmagyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryna girýändigi hem nygtalýar.

Ýöne Azatlyk bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar we ýerli synçylar ýurtda raýatlaryň bu endikden el çekmegine kömek bermek boýunça medisina we düşündiriş işleriniň ýeterlik geçirilmeýändigini, maslahat beriji merkezleriň talaba laýyk işlemeýändigini aýdýarlar.

Bellesek, çilimiň bahasy bilen bagly Lebapdan gelip gowşan soňky maglumatlar Mary welaýatynda çilim söwdagärlerine we çilim çekýän raýatlara gözegçilikleriň güýçlendirilen mahalyna hem gabat geldi.

Habarçymyzyň 22-nji fewralda beren maglumatyna görä, 21-nji fewralda Marynyň polisiýasy çilim we temmäki önümlerini satýan söwdagärlere garşy reýdleri geçirip başlady. Şeýle-de, köçelerde we köp gatly jaýlaryň töwereginde çilim çekýän raýatlar hem saklanyp, pul jerimesini tölemäge mejbur edilýär. Bu çäreleriň arasynda, sebitde çilimiň we mahorkanyň bahasy 50% gymmatlady.

Türkmenistanyň 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagy bilen, ýurtda çilim söwdasyna garşy dürli çäklendirmeler girizilip başlandy.

Şeýle-de, häkimiýetler 2016-njy ýylyň martynda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda hem karar kabul etdi.

Bu kararyň yzysüre, hususy dükanlarda temmäki önümleriň söwdasy doly diýen ýaly gadagan edilip, döwlet dükanlarynda käte çäkli möçberde ýola goýuldy. Bu gadagançylyk wagtyň geçmegi bilen gowşan bolsa-da, wagtal-wagtal güýçlendirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Temmäki önümlerinden saplanmagy nazarlaýan Türkmenistanda çilimiň bahasy gymmatlaýar
Maryda çilim söwdagärlerine garşy reýdler geçirilip, çilim çekýänler saklanýar
Maryda gutusyz satylýan arzan çilim peýda boldy
Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasy boýunça Kadalar kabul edildi
Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasynyň täze düzgünleri kabul edildi
Çilim söwdasynyň 'täze kadalary' nobatlaryň azaljagyny aňlatmaýar