2023-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan Moskwa sebitine 5 müň tonnadan gowrak pomidor iberildi. Bu barada Rosselhoznadzoryň resmi web sahypasynda habar berildi.
Habarda Rosselhoznadzoryň ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan Moskwa sebitine getirilen 5 müň tonna täze pomidoryň karantin fitosanitar gözegçiligini amala aşyrandygy aýdylýar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda Russiýany pomidor bilen esasy üpjün ediji bolup durýar we türkmen kärhanalary bu ugurdaky eksportyň möçberini ýylyň-ýylyna artdyrýarlar.
Russiýa Federasiýasynyň Weterinariýa we Fitosanitar Gözegçilik boýunça Federal gullugynyň resmi web sahypasynda aýdylmagyna görä, şu ýylyň başyndan bäri Rosselhoznadzoryň Moskwa şäheri hem-de Moskwa we Tula sebitleri boýunça Müdirligi 270-den gowrak ulagy barlady we Türkmenistandan Moskwa sebitiniň çägine gelen, takmynan, 5 müň tonna täze pomidoryň karantin fitosanitar gözegçiligini amala aşyrdy.
Bütin Russiýa Ösümlik Karantin Merkeziniň (FGBU "VNIIKR") hünärmenleri bu önümleriň karantin fitosanitar talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan barlaghana gözleglerini geçirdiler. Netijede, import edilýän tapgyrlaryň ählisiniň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň karantin we fitosanitar talaplaryna laýyk gelýändigini anykladylar.