Türkmenistan 2023-nji ýylyň dowamynda energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny, tebigy gazyň eksport ugurlaryny giňeltmegi we metan zyňyndylaryny azaltmak tagallalaryny ileri tutdy.
Wakalaryň hronologiýasyna ser aýlasak, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýylyň ilkinji hepdesinde, 5-6-njy ýanwarda döwlet sapary bilen Hytaýa bardy.Türkmen metbugatyna görä, bu saparyň dowamynda taraplar 15 töweregi özara hyzmatdaşlyk resminamalaryna, şol sanda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça düşünişmek ähtnamasyna gol çekdiler.
Synçylar bu saparyň dowamynda Merkezi Aziýa Hytaý gaz geçirijisiniň Dördünji şahasynyň gurluşygynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşan-da bolsalar, bu babatda anyk netijeler iki ýurduň metbugatynda agzalmady.Hytaýyň Baş gümrük gullugyna görä, bu ýurt 2022-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlary aralygynda Türkmenistandan 10 milliard 250 million dollar möçberinde tebigy gaz satyn alypdyr.
Bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasynyň 51 göterim ýokarlanandygyny görkezdi.
Türkmen prezidenti 18-19-njy maýda, Merkezi Aziýa-Hytaý sammitine gatnaşmak üçin, ýylyň dowamynda ikinji gezek Pekine amala aşyran saparynyň dowamynda, Hytaý ugry boýunça täze gaz geçiriji taslamalarynyň amala aşyrylmagyny teklip etdi.
Türkmen hökümeti Türkmenistan Hytaý gaz geçiriji taslamasynyň dördünji böleginiň gurluşygyny dowam etdirmek bilen, häzirki wagtda ýyllyk kuwwaty 55 milliard kub metr gaz geçirmäge ukyply bolan Merkezi Aziýa Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatyny 85 milliard kub metre çenli ýokarlandyrmagy teklip edýär.
Russiýa hem Ukrainada dowam etdirýän urşy bilen baglylykda halkara sanksiýalara sezewar bolup, Hytaý ugry boýunça tebigy gaz eksportlaryny artdyrmagy nazarlaýan mahaly, “Roýters” habar agentligi 24-nji maýda Hytaýyň nebitgaz resmilerine salgylanyp, Hytaýyň täze gaz geçiriji taslamalary babatynda Türkmenistany Russiýadan ileri tutýandygyny habar berdi.
Hytaý 2009-njy ýyldan bäri türkmen gazyny satyn alýar. Hytaýyň CNPC milli korporasiýasy Türkmenistanyň iň iri gaz ýataklary bolan “Bagtyýarlyk” we “Galkynyş” gaz känlerinde tebigy gaz öndürýär.
Türkmen prezidentiniň Pekine amala aşyran saparyndan bir aýdan gowrak wagt soňra, Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller 15-nji fewralda Aşgabada sapar edip, türkmen ýolbaşçylary bilen taraplaryň arasyndaky tebigy gaz hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Bu duşuşyklaryň jikme-jikligi jemgyýetçilige aýan edilmedi. Ýöne rus dilli media serişdelerinde peýda bolan habarlarda bu duşuşyklarda “Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň öňüniň petiklenilýändiginiň aýdylandygy” habar berildi.
Russiýa 2009-njy ýyla çenli Türkmenistanyň iň esasy gaz müşderisi bolupdy. Moskwa 2016-njy ýylda Aşgabatdan gaz satyn almagy bes etdi. Iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasy 2019-njy ýylda, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende has ujypsyz möçberlerde, gaýtadan dikeldildi. Bu ylalaşygyň möhletiniň 2024-nji ýylyň 30-njy iýunda tamamlanmagyna garaşylýar.
Türkmenistan 2022-nji ýylyň dowamynda Russiýa Federasiýasyna 5 milliard kub metr çemesi tebigy gaz eksport etdi.
Russiýanyň daşary işler ministrliginiň bir resmisi awgust aýynda Russiýanyň Gazagystan we Özbegistan bilen bilelikde “üçtaraplaýyn gaz birleşigini” döretmegi göz öňünde tutýandygyny we muňa “beýleki döwletleriň hem gyzyklanma bildirýändigini” aýtdy. Bu beýanatyň yz ýany, “Türkmengaz” döwlet konserni bu meselede Türkmenistanyň hem bähbitleriniň bardygyny aýdyp, “üçtaraplaýyn gaz birleşigi” babatynda aýdyňlyk talap etdi.
Rus media serişdeleri Milleriň fewralda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistana Russiýa we Eýran tarapyndan dörediljekdigi aýdylýan tebigy gaz eksport edýän ýurtlaryň halkara guramasyna (OPEK-niň gaz analogyna) goşulmagyň teklip edilendigini habar berdiler.
Tebigy gaz eksport edýän ýurtlaryň halkara merkeziniň döredilmegi barasyndaky teklip iýun aýynda Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji tarapyndan hem öňe sürüldi. Ol Eýranyň, Russiýanyň, Kataryň we Türkmenistanyň gatnaşmagynda gaz merkeziniň döredilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň hökümet bu teklipler boýunça özüniň resmi pozisiýasyny beýan etmedi.
Türkmenistan 2023-nji ýylyň dowamynda goňşy Eýran yslam respublikasy bilen energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltdi. Eýran türkmen gazyny islendik ugur boýunça öz üstünden geçirip bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Eýranyň Gaz inženerçiligi we ösüş kompaniýasynyň direktory Reza Nowşadi 15-nji fewralda Aşgabatda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Tähranyň türkmen we rus gazyny islendik ugur boýunça öz üstünden geçirip bermäge taýýardygyny aýtdy.
Aradan birnäçe aý geçenden soňra, bu teklibiň aňyrsynda ýatan käbir mümkinçilikleriň jikme-jikligi jemgyýetçilige aýan boldy. Yrak Eýranyň üsti bilen, swap ylalaşygy esasynda Türkmenistandan tebigy gaz import edýändigini yglan etdi. Yrak resmileri oktýabryň başynda türkmen resmileri bilen Bagdatda duşuşyp, ýylda 10 milliard kub metre golaý türkmen gazyny satyn almak barada şertnama baglaşdy.
Türkmenistan Eýranyň üsti bilen, swap ylalaşygy esasynda Azerbaýjana iberýän gazynyň hem möçberlerini artdyrdy.
Eýran 1990-njy ýyllaryň ahyrlaryndan 2018-nji ýylyň ýanwaryna çenli türkmen gazyny import edýärdi. Ýöne töleg dawasy sebäpli, iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasyna arakesme berildi.
Eýranyň nebit ministrligi 2013-nji ýylyň iýun aýynyň ilkinji günlerinde Tähranyň tebigy gazyň tölegleri boýunça 2 milliard dollar möçberindäki bergisini Aşgabada doly töländigini mälim etdi.
Bu bildişiriň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maý aýynyň ahyrynda, iki ýurduň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklaryň alamaty hökmünde, maşgalasy bilen Tährana iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmenistan 2023-nji ýylda Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça tagallalaryny güýçlendirdi.
Türkmenistanyň hökümeti onlarça ýyllardan bäri Hazar deňziniň astyndan çekilmegi göz öňünde tutulýan gaz geçiriji taslamasy arkaly türkmen gazynyň Ýewropa ýurtlaryna iberilmegine ünsi çekip gelýär. 2018-nji ýylň awgustynda Hazarýaka döwletleri tarapyndan Hazaryň hukuk durumy boýunça halkara konwensiýanyň kabul edilmegi bilen, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine päsgelçilik berýän meseleleriň agramly bölegi aradan aýryldy.
Russiýanyň Ukrainada dowam etdirýän urşunyň arasynda Ýewropa Bileleşigi özüniň rus importlaryny çäklendirip, energetika importlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugruna çykdy. Şeýle çäreleriň arasynda türkmen gazynyň Ýewropa ýurtlaryna eksport edilmegi babatynda täze pursatlar döredi.
Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky wenger wekiliýetiniň 2023-nji ýylyň 8-9-njy iýunynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda türkmen-wenger wekiliýetleri beýleki ugurlar bilen bir hatarda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Türkmenistan we Wengriýa bu ugurda syýasy ylalaşyklara gol çekdi, ýöne taslamanyň maliýe-ykdysady taraplary we mümkinçilikleri heniz-de gümürtik galýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 24-nji iýulda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat çap edip, ýene bir gezek Hazarüsti taslamasynyň durmuşa geçirilmegine içgin gyzyklanma beýan etdi we bu ugurda hiç hili syýasy, ykdysady we maliýe päsgelçilikleriniň ýokdugyny aýtdy.
Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň gün tertibine getirilmeginiň arasynda, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Sapar Pälwanow 2023-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Brýussele sapar etmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Ýöne guramalaşdyrylan bu sapar ýylyň dowamynda amala aşmady.
Synçylar Ýewropa Bileleşiginiň gazylyp alynýan energiýa serişdeleri boýunça iri taslamalary maliýeleşdirmegi ileri tutmaýandyklaryny aýdyp, bu taslamanyň töweregindäki maliýe meselelerine ünsi çekýärler.
Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy amala aşyrylan ýagdaýynda, türkmen gazy Azerbaýjanyň we Türkiýäniň üsti bilen ýewropa ýurtlaryna iberiler.
Türkmenistan tebigy gaz önümçiligini artdyrýar. Ýöne ýurduň ýangyç desgalaryndan syzylyp çykýan metan zyňyndylary ekologiýa aladalaryna ýol açýar.
Halkara barlaglar 2023-nji ýylda hem Türkmenistanyň metan zyňyndylaryna ünsi çekmegi dowam etdirdi.
“The Guardian” neşiri 9-njy maýda halkara gözleg-barlag işlerine salgylanyp, 2022-nji ýylyň dowamynda Hazaryň türkmen kenaryndaky ýangyç ýatagyndan 2,6 million tonna, gündogar ýangyç ýatagyndan bolsa 1,8 million tonna zyýanly metan gazynyň syzylyp çykandygyny habar berdi.
Ýylyň dowamynda Türkmenistan we ABŞ metan syzmalaryna garşy bilelikdäki hyzmatdaşlygy ýola goýdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 1-nji dekabrda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň 28-nji mejlisinde (COP28) eden çykyşynda Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Bu borçnama gatnaşýan taraplar metanyň global zyňyndylaryny 2030-njy ýyla çenli 2020-nji ýyldaky derejesinden 30 göterim azaltmak boýunça ylalaşýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.