Türkmenistan 2023-nji ýylda JIÖ-niň ösüşi boýunça Merkezi Aziýanyň lideri bolar

Türkmenistan 2023-nji ýylda JIÖ-niň ösüşi boýunça Merkezi Aziýanyň lideri bolar

Aziýanyň Ösüş banky 2023-nji ýylda Jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde lider boljakdygyny çaklaýar. Bu barada bankyň Asian Development Outlook — 2023 hasabatynda beýan edilýär. Hasabatda bellenilişine görä, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,5 göterime deň bolar. Bu görkeziji Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň ýokarysy hasaplanýar.

Deňeşdirmek üçin, şu ýylda JIÖ-niň ösüş depgininiň Gazagystanda 3,2 göterime, Gyrgyzystanda 4,5 göterime, Özbegistanda 5 göterime hem-de Täjigistanda 5,5 göterime deň bolmagyna garaşylýar.

Aziýanyň Ösüş bankynyň hasabatynda Türkmenistanyň uglewodorod eksportyndan alýan girdejileriniň çak edilýän möçberleri şu ýyl we indiki ýyl döwlet býudjetiniň balansyny saklamaga kömek eder diýlip bellenilýär.

Mundan başga-da hasabat döwründe Türkmenistanyň daşarky karzynyň ýylsaýyn azalýandygyna üns çekilýär. Bu barada hasabatda Daşarky karzlaryň işjeň yzyna gaýtarylmagy netijesinde Türkmenistanyň daşarky karzy 2021-nji ýylyň ahyrynda Jemi içerki önümiň, takmynan, 8,4 göterimine deň bolan bolsa, bir ýyl soňra bu görkeziji 6,3 göterime çenli azaldy diýlip nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 11 aýda JIÖ 6,3 göterim artdy
Türkmenistanda 10 aýda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy
Putin: BRIKS-iň dünýäniň jemi içerki önümindäki paýy 36 göterime çenli artdy
ÝTÖB: Gazyň bahasynyň ýokarlanmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrýar
Singapuryň jemi içerki önümi ýylyň III çärýeginde 4,4% ösdi
Hünärmenler 2023-nji ýylda Germaniýada çökgünligiň boljakdygyny çaklaýarlar