Häzirki wagtda elektrik energiýasy Owganystana, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana hem eksport edilip, şu ýylda onuň möçberini 9 milliard kilowat-sagada ýetirmek meýilleşdirilýär.Bu görkeziji, 2013-nji ýyldaka garanyňda, 3,3 esse ýokarydyr.
Bu barada 3-nji sentýabrda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarynyň öňünde eden çykyşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow habar berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda Owganystan bilen döwletara gatnaşyklarda elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini belläp, geçen döwürde goňşy ýurduň çäginde amala aşyrylan iri energetika taslamalary barada aýratyn durup geçdi.
Nygtalyşy ýaly, Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat ugurlary boýunça goňşy ýurda türkmen elektrik energiýasynyň millionlarça kilowat-sagady iberildi.Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam bu ugurda Türkmenistan tarapyndan uzak ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilip gelinýän işleriň üstüni ýetirdi. 2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy.
Häzirki wagtda Serhetabat — Hyrat — Turgundy hem-de Rabatkaşan — Kalaýnau ugurlary boýunça elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini artdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Hereket edýän eksport ugurlary bilen bir hatarda, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň täze ugurlary hem işlenilýär.