Türkmenistan 18 ýaşyny doldurmadyk mekdep okuwçylaryny goşuna alyp başlady

Türkmenistan 18 ýaşyny doldurmadyk mekdep okuwçylaryny goşuna alyp başlady

Türkmenistanda raýatlary hökmany goşun gullugyna almak kampaniýasy başlandy. 15-nji aprelde goşuna çagyrylan raýatlaryň arasynda 18 ýaşyny doldurmadyklar, şol sanda mekdepde okaýan ýaşlar bar.

"Häzir okuw möwsüminiň dowam edýändigine we ýaş ýigitleriň 18 ýaşyny dolmanlygyna garamazdan, aprel aýynyň 15-ne gulluga çagyryldy. Olaryň arasynda mekdebi tamamlamadyk we gutardyş synaglardan geçmedik mekdep okuwçylary bar" diýip, harby çagyryşyň geçişinden gönüden-göni habarly çeşmeleriň biri aýtdy.

Aşgabatly ýaşlaryň ençemesi edil şu gün 15-nji aprelde irden şäheriň harby bölümlerine bardylar. Ýaşlara, şol sanda 18 ýaşy dolmadyk mekdep okuwçylaryna gowşurylan çakylyk hatlaryň nusgasy Azatlyk Radiosyna elýeterli boldy.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeleriň sözlerine görä, şu günler 12- nji synpda okaýan oglan okuwçylara Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde hökmany goşun gullugyndan geçmek barada harby wekilligi tarapyndan çagyryş hatlary köpçülikleýin gowşurylýar.

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek maý we noýabr aýlarynda amala aşyrylýardy.

Şu ýyl raýatlaryň goşun gullugyna aprel we iýun aýlarynyň dowamynda alynmagy barada prezidentiň permana gol çekendigini döwlet metbugaty mart aýynda habar beripdi.

Şu günki harby çagyryşyň geçişi 18 ýaşyny doldurmadyk we mekdebi gutarmadyk ýaşlaryň ene-atalarynda uly aladalanma döretdi. Olar çagalarynyň hukuklarynyň bozulýandygyny, hatda mekdebi gutaryp bilmän, dokumentsiz galýandygyny aýdýarlar.

"Oglan okuwçylaryň hossarlary, 18 ýaşy dolmadyk çagalarynyň möhletden ir goşuna alynmagynyň näderejede kanuna laýyk gelýändigini harby wekillerden soraýarlar. Harbylar bolsa, ýigitleriň 18 ýaşy dolmagyna 'birnäçe aý galanda alynsa zyýany ýok' diýýärler we 'bolmaýan bolsa, biz çagyrmazdyk' diýip, jogap berýärler" diýip, aşgabatly çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.

Goşun gullugy 18 ýaşdan bolmalyTürkmenistanyň kanunlaryna görä, goşun gullugyna ýarawly hasaplanan erkek raýatlaryň hökmany harby gulluga alynýan ýaşy 18-den başlanýar.

Azatlyk Radiosynyň 18 ýaşyny doldurmadyk we orta bilimini doly almakdan mahrum edilýän ýaşlaryň goşuna alynmagy barada Goranmak ministrliginden we paýtagtyň harby bölümlerinden resmi maglumat almak synanyşygy netije bermedi.

Şu ýyl goşuna alynýan ýaşlaryň hossarlary bolsa, çagalarynyň kanuny hukugyny gorap bilmän çykgynsyz ýagdaýa düşendigini aýdýarlar.

"Harby wekillikde bize 'gelip, wagt ýitirenden, gowusy ogluňyzyň goşlaryny taýarlaň, gerekli şahsy tämizlik serişdelerini satyn alyp, taýyn boluň' diýýärler. Çagyryş hatynda bellenen wagtynda bellenen ýerde bolmagy üpjün etmek, çagyrylan oglanlaryň hossarlaryna aýdyldy. Ýaşlaryň bellenen wagtynda gelmedik halatynda, olaryň kanun esasynda jezalandyryljagy duýduryldy" diýip, ýene bir çeşme gürrüň berdi.

Mekdep okuwçylaryny goşuna almak tejribesiMekdepde okaýan ýaşlaryň okuwyny gutarmanka goşun gullugyna alynmagy bilen bagly ýagdaý oň hem bolupdy. Emma ozalky ýyllarda 18 ýaşyny dolduran mekdep okuwçylary alynýardy. Şeýle-de, mekdep okuwçylaryna goşuna çagyryş hatlary maý aýynda gowşurylypdy.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri raýatlary harby gulluga almak çärelerini güýçlendirdiler. Mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň mekdep partasyndan, daşary ýurtlardan gelýän ýaşlaryň aeroportdan dessine harby gulluga äkidilmegi bilen bagly ýagdaýlar her ýyl ýüze çykýar.

Häkimiýetler bu çäreleriniň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bilen harby bölümleriň ofiserleri muny ýurtda esger ýetmezçiligi bilen düşündirip gelýärler.

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine harby gulluga ýaramaýan raýatlary almak we öňki bendileri çekmek ýaly ýagdaýlaryň wagtal-wagtal ýüze çykmagy hem hut "esger ýetmezçiligi" bilen düşündirilýär.

Bu aralykda türkmen häkimiýetleri raýatlaryň hökmany harby gulluga çagyryş ýaşyny 30 ýaşa çenli ýokarlandyrmak mümkinçiligine hem seredýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň howpsuzlyk edaralarynyň birindäki ygtybarly çeşmesi şu ýylyň fewral aýynda habar beripdi. Kanunda raýatlaryň goşun gullugy häzir 27 ýaşa çenli diýlip görkezilýär.

Türkmen resmileri goşundaky problemalary açyk agzamaýarka, gullukdaky ýaramaz şertler we esgerleriň maýyplygyna hem ölümine sebäp bolýan dedowşina ene-atalary para bermäge we ogullaryny wagtyndan öň gullukdan boşatmak üçin ýol gözlemäge iterýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Jemgyýetiň asudalygy raýatlaryň bagtyýarlygy
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň bijeleriniň çekiljek güni belli boldy
Ali Hamaneý Saýlawçylara Prezident Saýlawynda Ses Bermekleri Üçin Çagyryş Etdi
Muhadowyň goly Abdyş-Atany Gyrgyzystanyň Kubogynyň ýarym finalyna çykardy
20-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti