Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň Türkmenistanda ykrar edilmeýän ugurlarynyň sanawyny çap etdi. 22-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna täze resmi sanawyň göçürmesi gelip gowuşdy.Ony Belarusyň we Türkmenistanyň bilim pudagyndan içgin habarly hem-de türkmen hökümetiniň bilim ulgamynda girizýän täze üýtgeşmelerini ýakyndan yzarlaýan ekspertleriň biri, mediada çykyş etmäge ygtyýarsyz bolansoň, anonim ýagdaýda Azatlyga ugratdy.
Resminama görä, Türkmenistan mundan beýläk, 146 sany hünär ugry boýunça daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryndan berlen diplomlary ykrar etmez. Ýöne uniwersitetleriň halkara reýtinginde “TOP 1000”, ýagny dünýäniň iň abraýly 1000 uniwersitetiniň hataryna girýän ýokary okuw jaýlaryň diplomlary kadadan çykma görnüşinde kabul edilip bilner.
Azatlyga gowşan maglumat Belarusyň bilim ministriniň birinji orunbasary Starowoýtowa Irina Anatolýewnanyň Türkmenistandaky täze düzgün bilen bagly Belarusyň ýokary bilim edaralaryna we guramalaryna, Alyjylar jemgyýetlerine, Kärdeşler arkalaşyklarynyň federasiýasyna hem-de beýleki degişli döwlet edaralaryna ugradan resmi hatyna esaslanýar.
Onda şeýle diýilýär: “Türkmenistanda daşary ýurt diplomlarynyň ykrar edilmegi bilen bagly kabul edilen Düzgünnama hakynda: Belarus respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde ugradan 02-07/275 belgili hatyna laýyklykda, belarus tarapynyň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň daşary ýurtlardan alnan ýokary bilim hakyndaky şahadatnamalaryň ykrar edilmegi boýunça Düzgünnama bilen habarly edilendigini siziň dykgatyňyza ýetirýäris” diýlip resmi hatda aýdylýar.
Resmi hata 2019-njy ýyldan başlap, Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary bilim edaralaryndan alnan diplomlaryň jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlar boýunça ykrar edilmejek ugurlarynyň sanawy berkidilýär.Belarusyň Bilim ministrligi degişli edaralara mundan beýläk Türkmenistanyň raýatlaryny ýokary okuwa kabul etmekde bu maglumatlary göz öňünde tutmagy tabşyrýar.
Belarusyň Bilim ministrliginiň metbugat wekili Lýudmila Wysoskaýa agzalýan mazmundaky resmi hatyň degişli döwlet edaralaryna ugradylandygyny 22-nji aprelde Azatlyk Radiosyna tassyklady. Ýurt içindäki habarçylarymyz 16-njy aprelde Türkmenistanda mundan beýläk diplomy kabul ediljek daşary ýurt okuw jaýlarynyň atlarynyň sanawyny ýollady.
Agzalýan sanawda Belarusyň diňe bir sany ýokary okuw jaýynyň, Belarusyň döwlet uniwersitetiniň ady bar, şeýle-de onda Russiýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň onlarça, Gazagystanyň 2, Gürjüstanyň 1, Ukrainanyň 3, Hytaýyň 100-den köp uniwersitetiniň ady bar. 22-nji aprelde gowşan täze sanawda ýokary okuw jaýlarynyň ýa-da olaryň ýerleşýän ýurtlarynyň atlary däl-de, eýsem, Türkmenistanda mundan beýläk ykrar edilmejek hünär ugurlarynyň sanawy bar.
Daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda 146 hünär ugry boýunça; şolaryň hatarynda žurnalistika, sport žurnalistikasy, halkara žurnalistika, bank işi, maliýe ugry, biznes, hasapçylyk, dünýä ykdysadyýeti, halkara gatnaşyklary, diplomatiýa, hukuk, menejement, marketing, oba hojalygynyň ykdysadyýeti, salgyt, senagat inženerligi, sosiologiýa, syýasaty öwreniş, telewideniýe, antropologiýa, arap, pars, hindi, fransuz, iňlis, ispan, koreý, ýapon, hytaý, nemes, rus, türk we türkmen dilleri, ylahyýet we başga-da käbir ugurlar boýunça bilim alan türkmenistanlylaryň diplomlary mundan beýläk Türkmenistanda ykrar edilmez. Ýöne dünýäniň iň abraýly 1000 uniwersitetiniň diplomlary Türkmenistanda kadadan çykma görnüşinde tassyklanyp bilner. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda haýsy halkara guramanyň ýa-da neşiriň kesgitlän “Top 1000” uniwersitetiniň ykrar ediljekdigi mälim däl.
Türkmenistanyň öz ýokary okuw jaýlarynyň hiç haýsysy heniz dünýäniň abraýly 1000 uniwersitetiniň sanawyna girip bilmedi. “Quacquarelli Symonds (QS)” britan kompaniýasynyň 2018-nji ýyl üçin dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň sanawynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan diňe Gazagystanyň 7 uniwersiteti ilkinji 1000-lige girýär. “Times Higher Education” neşiriniň “QS” bilen hyzmatdaşlykda çap eden soňky sanawyna Merkezi Aziýadan diňe Gazagystanyň 2 ýokary okuw jaýy, ýagny Gumilýow we Al Farabi adyndaky iki uniwersiteti dünýäde ilkinji 1000-lige girip bilipdir.
Bu ýerde bellemeli ýagdaý, Türkmenistanyň çap eden daşary ýurt uniwersitetleriniň soňky sanawynda agzalýan iki gazak uniwersitetiniň ady bar. Ýurt içindäki habarçylarymyz täze düzgün bilen baglylykda soňky bir hepdä golaý wagt bäri bilim pudagynyň hem-de güýç edaralarynyň işgärleriniň ýokary klas okuwçylary hem-de olaryň ene-atalary bilen duşuşyk geçirip, daşary ýurtlara okuw gitmäge isleg bildirýän raýatlary täze düzgün bilen tanyş edýändiklerini habar berdi. 19-a njy aprelde Daşoguzda geçirilen şeýle ýygnaklarda häkimiýetler raýatlara mundan beýläk diňe diplomy tassyklanýan daşary ýurt okuw jaýlaryna okamaga giden türkmenistanlylara walýuta konwertasiýasy bilen bagly ýeňillikleriň dörediljekdigini duýdurdy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurtda ykrar ediljek daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawy boýunça heniz resmi beýanat ýaýratmady.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.
Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.