Şu gün Gazagystanyň Almaty şäherinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) tarapyndan guralýan 13-nji Merkezi Aziýa Söwda forumy öz işine başlady. Söwda integrasiýasy: global derejä çykmak temasy boýunça geçirilýän iki günlük foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.
ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Almatydaky forum täze söwda mümkinçiliklerini we daşary bazarlary açmaga gönükdirilendir, şonuň netijesinde, oňa gatnaşyjylar geljegi kesgitläp sebit söwdasynyň gerimini giňeldip bilerler.
Bu çäre gümrük ulgamyny sanlaşdyrmak, ulag-logistika, söwdany kadalaşdyrmak (sebit söwda şertnamalaryny hem öz içine almak bilen), şeýle hem Bütindünýä Söwda Guramasynyň standartlary boýunça sapaklary öz içine alar.
Şol bir wagtyň özünde forum bilen ugurdaş söwda sergisi hem geçiriler. Oňa Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandandan 40 sany kompaniýa gatnaşyp, olar özleriniň oba hojalyk, dokma, egin-eşik we azyk önümlerini görkezilişe çykararlar. Şeýle hem forumyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň harytlaryny dünýäniň beýleki sebitlerindäki ýurtlara eksport etmek boýunça gepleşikler üçin niýetlenen platforma (Business Expo) hem göz öňünde tutulandyr.
15-nji maýda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwdany ýeňilleşdirmek boýunça milli komitetleriniň 11-nji sebitleýin ýygnagy geçiriler. Oňa sebitdäki bäş ýurduň gümrük, ulag, fitosanitar we weterinariýa gözegçiligi üçin jogapkär ýerine ýetiriji guramalary, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri gatnaşarlar.
Bu çäräniň esasy maksady Merkezi Aziýa üçin sebit başlangyçlaryny we Ýol kartalaryny hödürlemekden, sebitdäki söwda amallaryny gowulandyrmak üçin bilelikdäki hereket meýilnamasyny düzmekden ybaratdyr.