Türkmenistan 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirer

Türkmenistan 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirer

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary 12-nji fewralda irden şu ýylyň martynda irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi. Bu habar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk maslahatynyň mejlisinde ýokary hökümet wezipesinden çekilmek islegini aýtmagynyň yz ýanyndan peýda boldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Karar kabul etdi, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni geçiriler diýip, TDH-nyň 12-nji fewraldaky habarynda aýdylýar.

"Prezident... bize 12-nji martda geçiriljek irki saýlawlara taýýarlanmak barada görkezme berdi“ diýip, AFP habar gullugy biraz öň MST-nyň metbugat wekili Bezirgen Garryýewiň telefonda aýdan sözlerine salgylanyp ýazdy.

Irki prezident saýlawlarynyň geçiriljek senesi Berdimuhamedowyň Mejlisiň ýokarky palatasynyň, Halk maslahatynyň adatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda ýokary hökümet wezipesinden çekilmek we "ýaş ýolbaşçylara" ýol bermek niýetini aýtmagynyň yz ýanyndan belli boldy.

Ýatlatsak, soňky birnäçe ýylda Türkmenistanda häkimiýetiň prezidentden onuň ogly Serdar Berdimuhamedowa geçiriljekdigi baradaky çaklamalar dyngysyz öňe sürülýär.

Ýanwar aýynyň başynda, goňşy Gazagystanda dörän halk tolgunyşyklary wagtynda nobatdan daşary mejlisiň geçiriljekdigi yglan edileli bäri, 64 ýaşly Berdimuhamedowyň parlamentiň ýokarky palatasynyň kömegi bilen öz oglunyň häkimiýet başyna gelmegine ýol açmakçy bolýandygy baradaky çaklamalar has-da güýülendi.

Geçen sentýabrda 40 ýaşy dolan Serdar Berdimuhamedowyň indi iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlik etmek üçin konstitusiýa hukugy bar.

Geçen ýyldan bäri Türkmenistanda parlamentiň ýokarky palatasy bolup durýan Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi, Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli, 11-nji fewralda geçirildi.

Ýeri gelende aýtsak, ylaýyk bir ýyl mundan ozal, 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda kakasynyň premýer-ministriň orunbasary wezipesine bellemegi we hökümetde başga-da birnäçe möhüm wezipäni ynanmagy bilen, Serdaryň syýasy karýerasynda çalasyn ýokarlanmalar boldy.

Berdimuhamedow Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda ýadawlygyny ýaňzydyp, tegelek 15 ýyl mundan ozal prezident saýlanandygyny ýatlatdy. Şonuň üçinem, öz sözleri bilen aýdylsa, ol "ýaşlara ýol bermegiň“ wagty geldi diýip pikir edýär.

“Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin. Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa, mundan beýläk Halk Maslahatynyň başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin” diýip, prezident ýokarky palatanyň nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

MST-niň saýlaw netijelerini yglan etmegine garaşylýar
Merkezi Aziýa synçylary türkmen saýlawlary barada näme diýýär?
Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldy
Russiýanyň Merkezi saýlaw topary Prezident saýlawlarynda býulletenleri 100 göterim sanady
ÝHHG Türkmenistandaky saýlawlara negatiw baha berdi, oppozisiýa ýok, metbugata häkimiýet agalyk edýär diýdi
27.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy